Geçen möwsümi juda şowsuz tamamlan “Mançester Ýunaýted” düzümine Mateus Kunýadan soň ýene bir hüjümçi goşdy. Köp wagtdan bäri transferi üçin tagalla edilen Brian Mbemo mundan soň karýerasyny “Mançester Ýunaýtedde” dowam eder. Mankunianlar” 25 ýaşyndaky kamerunly hüjümçi üçin “Brentford” toparyna 75 million ýewro berer. Şertnamanyň möhleti bolsa 5+1 ýyllyk diýlip bellenildi. “Brentford” topary Mbemony 2019-njy ýylda “Truadan” 6,5 million ýewro transfer edipdi. Mbemo “Brentfordda” 242 oýunda 70 gol geçirip, 51 asist etdi. Mbemo “Mançester Ýunaýtedde” 19-njy belgili köýnekçäni geýer.