Şu ýylyň 12 — 22-nji iýuly aralygynda 11 günläp dowam eden we 4 müň 811 kilometr ýol geçilen «Ýüpek ýoly — 2025» awtorallisi tamamlandy.
2009-njy ýyldan bäri 15-nji gezek geçirilen ýaryş Russiýa Federasiýasynyň we Mongoliýanyň topraklaryndan geçip, awtomobil sportunyň taryhyna täze sahypany ýazdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 11 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşa türkmen ekipažlary hem gatnaşdylar. Has takygy, abraýly ýaryşyň T2 görnüşinde ýurdumyzdan «Nissan Patrol» awtoulagyndaky toparlaryň üçüsi wekilçilik etdi. Bu toparlaryň birini doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, ikinjisini Meýlis Abdyllaýew bilen Italmaz Çaryýew, üçünjisini bolsa Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow emele getirdi.
Bu derejede ilkinji tapgyrlardan tä ýaryş tamamlanýança, tejribeli sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Meýlis Abdullaýewiň ýolbaşçylygyndaky toparlaryň arasynda ýiti bäsdeşligiň bolandygyny aýtmak gerek. Tapgyrlaryň aglabasynda doganlar Toýlyýewler pellehana birinji bolup gelen hem bolsalar, käbir tapgyrlarda Abdyllaýew – Çaryýew ekipažy olary yzda galdyrmagy başardy. Hatda jemleýji tapgyrda-da Meýlis Abdyllaýew pellehana Toýlyýewlerden 48 sekunt öň geldi. Ýöne bu ýaryşdaky umumy netijäni üýtgedip bilmedi. Şeýlelikde, bellenen aralygy 61 sagat 29 minut 24 sekuntda geçen Toýlyýewler bu derejede birinji orny eýelediler. Munuň özi olaryň «Ýüpek ýoly» rallisindäki ikinji ýeňşidir. Doganlar Toýlyýewler bu ýaryşda 2022-nji ýylda hem birinji orny eýeläpdiler. Geçen ýylda bolsa olar kümüş medal bilen Watanymyza dolanypdylar.
«Ýüpek ýoly — 2025-iň» T2 görnüşinde ikinji orny eýelän Meýlis Abdyllaýew bilen Italmaz Çaryýewiň ekipažynyň görkezen umumy wagty ýeňijiniňkiden 7 sagada golaý köp boldy. Üçünji orny eýelän Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa bellenen aralygy 106 sagatdan gowrak wagtda geçdiler.
Ýeri gelende nygtasak, halkara ýaryşa 15 döwletden 101 topar gatnaşyp, ol Baýkal kölüniň kenaryndan mongol düzlükleri, şol sanda Gobi çöli we Altaý daglary arkaly çylşyrymly ýollarda dowam etdi. Nobatdaky awtoralli toparlaryň ählisi, şol sanda ýurdumyza wekilçilik eden toparlar üçin hem tejribäniň täze mekdebine öwrüldi. Halkara bilermenler tarapyndan türkmen toparlarynyň ussatlygyna ýokary baha berildi.