Häzirki wagtda ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek we bu pu­da­gy gol­da­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­pek­çi­li­gi ös­dür­mek üçin ge­rek bo­lan äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär.
Şu ýyl ýur­du­myzda dok­ma se­na­ga­ty üçin gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan Ka­ra­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de gol çe­kil­di.
Bu res­mi­na­ma­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek, ön­dü­ril­ýän pi­lä­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly me­se­le­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne, şeý­le hem we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­ne 2023-nji ýyl­da 2300 ton­na, şol san­da, Ahal we­la­ýa­tyn­da – 300 ton­na, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da – 50 ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da – 500 ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da – 1010 ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da – 440 ton­na pi­le ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Mi­nistr­li­ge pi­le ön­dür­mek ba­ra­da we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri bi­len umu­my şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak, şeý­le hem daý­han bir­le­şik­le­ri­ni, oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­ny, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­ny, kä­ren­de­çi­le­ri we ýer eýe­le­ri­ni ýü­pek gur­çu­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li to­hu­my bi­len ze­rur muk­dar­da üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi, Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi we Ru­ha­ba­dyň pan­bar­hat fab­ri­gi Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len çig ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­mek we dür­li ýü­pek önüm­le­ri­ni ön­dür­mekde esa­sy kär­ha­na­la­r­dyr. Äh­li önüm­çi­lik des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan­dyr. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li ýü­pek ýüp­lük­ler­den aja­ýyp ha­ly­lar, ma­ta­lar, şol san­da ke­te­ni, ýag­lyk, gy­ňaç we dür­li ör­tük es­bap­la­ry ön­dü­ril­ýär.
Ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal ýü­pek sü­ýüm­le­rin­den dür­li ma­ta­la­ry dokamak üçin pi­le önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup­dyr­lar. Ýü­pek­çi­lik işi­niň mil­li däp­le­ri asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ri­lip, ýü­pek­den aja­ýyp ha­ly­la­ry­dyr ma­ta­la­ry do­ka­ma­gyň yg­ty­bar­ly usul­la­ry dö­re­di­lipdir.
Ýur­du­myz­da ýü­pek gur­çu­gy­nyň iý­mi­ti bo­lan tut ýap­rak­la­ry­nyň ýe­ter­lik möç­be­ri­ni al­mak üçin her ýyl­da tut na­hal­la­ry­nyň ýüz müň­ler­çe düý­bi otur­dyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da tut na­hal­la­ry­ny Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň ke­nar­la­ry­na ek­mek işi hem ýo­la go­ýul­dy. Her ýyl ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän äh­li­halk na­hal ekiş­li­gi döw­rün­de tut na­hal­la­ry tä­ze öz­leş­di­ril­wn ýer­le­riň gy­ra­sy­na, atyz­la­ryň ara­la­ry­na ekil­ýär. Bu to­mus­ky ep­ge­gi sow­mak­da hem go­wy ne­ti­je ber­ýär.
Ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len oba ho­ja­ly­gyn­da iş­le­ýän adam­la­ryň, çar­wa­la­ryň, şol san­da ýü­pek­çi­le­riň hem iş-ala­da­sy art­ýar. Few­ral aýy­nyň ikin­ji ýa­ry­myn­dan baş­lap, gur­çuk ide­dil­jek ýer­ler­de taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň sak­la­nyl­jak jaý­la­ry­nyň ýy­ly­lyk, çyg­ly­lyk de­re­je­si­niň ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­gy­ ga­za­ny­lyp, mör-mö­jek­ler­den go­ra­mak üçin der­man­la­nyl­ýar, üzär­lik tü­te­dil­ýär. Ýy­lyň gel­şi­ne gö­rä, mart aýy­nyň aýa­gyn­da – ap­rel aýy­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýü­pek gur­çuk­la­ry­ny idet­mek möw­sü­mi baş­lan­ýar.
Ýü­pek gur­çugy­nyň Wa­ta­ny Hy­taý ha­sap­lan­ýar. Onuň bi­ziň ýur­du­my­za ge­ti­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da be­ýan edil­ýär. Ol eser­de ýaş gel­niň gur­çuk to­hu­my­ny giz­lin ýag­daý­da kel­le­sin­dä­ki bö­rü­giň içi­ne sa­lyp ge­ti­ren­di­gi, şol gel­niň oja­gy­na we­pa­ly­ly­gy bi­len, ýü­pek gur­çu­gy­nyň bi­ziň ýur­du­my­za ge­ti­ri­lip, on­dan eme­le gel­ýän ýü­pe­giň türk­men ze­nan­la­ry­nyň elin­de gaý­ta­lan­ma­jak sun­gat ese­ri­ne öw­rü­len­di­gi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Döw­let­my­rat GA­RA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.