Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.