5-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.