Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar barha giň gerime eýe bolýar, durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we möhüm meselelere garalyp, Hökümet agzalarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli şu ýyl 30 sany iri desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulan bolsa, olaryň sanynyň 73-e ýetendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetde 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Munuň özi ata Watanymyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini alamatlandyrýan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri esasan şulardan ybarat:
– Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.
– Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, bitum öndürmegiň meýilnamasy 140,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 121,4 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 132 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 göterim hem-de 136,7 göterim üpjün edildi.
Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.
– Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 139,5 göterim ýerine ýetirildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 113,6 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,6 göterime deň boldy.
Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 132,9 göterim berjaý edildi.
Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,2 göterime, onuň eksporty bolsa 135,9 göterime barabar boldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 152 göterim berjaý etdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy şu ýylyň on bir aýynda 151,4 göterim ýerine ýetirildi.
– 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 116,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 108,7 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,2 göterime, nah matalaryň önümçiligi 105,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 116,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 104,7 göterime deň boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň on bir aýynda birža söwdalarynyň 273-si geçirilip, 29 müň 419 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 115,4 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 125,2 göterime deň boldy.
– Hasabat döwründe obasenagat toplumynda önümçilik möçberiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,7 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 153,9 göterim berjaý edildi.
– Hasabat döwründe Ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.
«Türkmendemirýollary» agentliginde ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 137,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 111 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.
– Medeniýet ulgamynda hasabat döwründe şanly senelere bagyşlanyp döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, döwlet maksatnamalaryndan hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler geçirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 103,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzda gazet-žurnallary elektron görnüşde ilata ýetirmegi üpjün etmek ulgamy kämilleşdirildi.
– Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň jemi 132 görnüşi neşir edildi.
Ýylyň başyndan bäri halkara forumlaryň we ylmy maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri lukmançylyk işine ornaşdyrmak işjeň dowam etdirildi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy we Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana açylyp, ulanmaga berildi.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 20-sine gatnaşyp, bäş altyn, on kümüş, on dokuz bürünç, jemi 34 medala mynasyp boldular.
– Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp baryldy.
Hasabat döwründe ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen geldiler.
Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler.
28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy.
Ýylyň dowamynda onlaýn tertipde döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-nyň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler, maslahatlaşmalar yzygiderli geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri hyzmatdaşlygyň dürli görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar.