Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14—16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçiriljek dabaralar, görkeziljek sahna oýunlary barada maglumaty size ýetirýäris.
14-nji noýabrda sagat 09:00 – 10:00 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi we edebi-çeper çykyşlary bolar. 10:00 – 12:00 aralygynda şol teatrda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasy geçiriler. 15:00 – 16:30 sagatlary aralygynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda şol teatryň artistleriniň çykyş etmeginde «Köňüller kelamy» atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar. Sagat 17:30 – 19:00 aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň «Goragsyzlar güni» atly sahna oýny görkeziler. 19:00 – 20:30 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Täjigistan Respublikasynyň Mahmudjon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatrynyň «Watandan uzakda bir gije» atly sahna oýnunyň görkeziler.
19:00 – 20:30 aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Şasenem we Garyp» sahna oýny görkeziler.
15-nji noýabrda sagat 10:00 – 11:30 aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň «Gelmişek» atly sahna oýny görkeziler. Şol gün 12:00 – 13:30 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşanyň döwlet sazly drama teatrynyň «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna oýny tomaşaçylara ýetiriler. 15:00 – 16:10 aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ak gämi» atly sahna oýny görkeziler. 19:00 – 20:20 aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Söýgi hem hasrat» atly sahna oýny görkeziler. 19:00 – 20:30 aralygynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýny görkeziler.
16-njy noýabrda sagat 10:00 – 11:30 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna oýny tomaşaçylara ýetiriler. 11:30 – 13:00 aralygynda bolsa, şol teatrda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we teatrlaryň arasynda geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty geçiriler. 15:00 – 17:00 aralygynda myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görerler. 18:00 – 19:00 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasy bolar.