9-njy noýabrda türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek. Gök-bakja önümlerini, miweleri öndürijiler hem şu ýyl bol hasyl ýetişdirdiler.
Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň we beýleki hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentdediginiň aýdyň güwäsidir.
Irden Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän kenarynda özboluşly bezelen sahnada estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Toý dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan bezemen sahnasynda hemmeler hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, Hasyl toýy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda merdana halkymyzyň yhlasyna, halal zähmetine, ene topragymyzyň eçilýän bol hasylyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Ol daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýramdyr, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşanydyr.
Dabaranyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, 2022-nji ýylda doglan, Perman we Gaýmak diýen atlaryň neslinden bolan Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.
Dabaranyň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Onda oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň welaýatlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, türkmen toýuna mahsus milli tagamlar taýýarlanyldy. Milli göreş, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary ýüze çykardy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi.
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de maslahatlar, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.