Mart aýynyň dowamynda ýurdumyzyň täze taryhy döwürde gazanýan üstünliklerini, 2023-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, aýdym-sazly dabaralary, sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 1 — 8-nji marty aralygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri we dabaralar geçiriler. 17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat, 20-nji martda bolsa “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler. 21-22-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada 24-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.