Türk­me­nis­tan mö­hüm se­bit, se­bi­ta­ra we äh­lu­mu­my me­se­le­ler bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lan ýur­du­myz döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra yna­ny­şyk­ly, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mekde, der­wa­ýys me­se­le­le­riň öza­ra ka­bul eder­lik­li çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry iler­let­mä­ge ça­lyş­ýar. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ýu­bi­leý ses­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ple­nar mej­li­sin­de öňe sü­ren 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­ku­gyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy hem hut şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan he­mi­şe äh­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­na we onuň esas go­ýu­jy res­mi­na­ma­la­ry­na, uzak möh­let­li mak­sat­la­ry­na la­ýyk ge­tir­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan stra­te­gik ug­ry bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra iş­ler­de BMG-niň eýe­le­ýän esa­sy or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş et­me­gi­ni do­wam et­di­rer. Şun­da hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­ki­dil­me­gi, hal­ka­ra ka­da­laş­dy­ryş bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, BMG-niň kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň, şert­na­ma­la­ry­nyň, yla­la­şyk­la­ry­nyň we beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy esa­sy şert­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ugur­daş döw­let eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de 2028-nji ýyl­da Hal­ka­ra hu­ku­gyň ýy­ly­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça 2026-njy ýyl üçin çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. 18-nji few­ral­da bol­sa bu res­mi­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça il­kin­ji mas­la­hat ge­çi­ril­di. Me­ýil­na­ma dür­li çä­re­le­riň top­lu­my­nyň, şol san­da gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly, yl­my-ama­ly, bi­lim, mag­lu­mat, ara­gat­na­şyk hä­si­ýet­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan bäş esa­sy ug­ry öz içi­ne al­ýar. Onuň çäk­le­rin­de hal­ka­ra mas­la­hat­lar, ýaş­la­ra ni­ýet­le­nen wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň top­lu­my, de­giş­li okuw we usu­ly gol­lan­ma­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy bel­le­ni­len­dir. Mag­lu­mat bi­len üp­jün et­me­giň çäk­le­rin­de Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da ýö­ri­te bö­lü­miň dö­re­dil­me­gi, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry döw­let­le­riň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ar­ka­ly dü­şün­di­riş hä­si­ýet­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şun­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ma­gyň tä­sir­li sy­ýa­sy-hu­kuk gu­ra­ly hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny, hu­su­san-da, 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­ku­gyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re 23-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň adam hu­kuk­la­ry ba­bat­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­nyň we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­sin­de hem ga­ral­dy. Bu ugur­da esa­sy kon­wen­si­ýa­la­ra, yla­la­şyk­la­ra, beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ra go­şu­lyş­mak bi­len, ýur­du­myz öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny iş ýü­zün­de tas­syk­la­ýar. Şu mak­sat bi­len dö­re­di­len pu­da­ga­ra to­par ta­ra­pyn­dan mil­li hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ka­nun­çy­ly­ga umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan bu ba­bat­da BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, ÝHHG ýa­ly dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýurdumyz mukaddes Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 35 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da (GDA) hem-de «Mer­ke­zi Azi­ýa we Azer­baý­jan» for­ma­tyn­da gu­ral­jak döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da baş­lyk­lyk ed­ýär.
GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy hök­mün­de Türk­me­nis­tan iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de baş­lan­gyç­ly or­ny eýe­läp, Ar­ka­la­şy­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, onuň işi­ni hä­zir­ki döw­rüň ze­rur­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myz di­ňe bir GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­lar­dyr çä­re­le­re yzy­gi­der­li esas­da gat­naş­man, eý­sem, ola­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne hem öw­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2025-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Du­şen­be­de ge­çi­ri­len GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň bi­le­lik­de çöz­me­li we­zi­pe­le­riň ge­ri­mi­ne do­ly de­re­je­de dü­şü­nip, Ar­ka­la­şyk­da baş­lyk­lyk et­mek we­zi­pe­si­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu mak­sat bi­len, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan, ony mun­dan beý­läk-de dep­gin­li ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len de­giş­li Kon­sep­si­ýa iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, se­bit howp­suz­ly­gy­nyň we öza­ra yna­nyş­ma­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň iler­le­dil­me­gi­ne, pa­ra­hat­çy­lyk dia­lo­gy­nyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň meý­dan­ça­sy hök­mün­de GDA-nyň or­nu­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne sy­ýa­sy nuk­daý­na­zar­dan uly äh­mi­ýet be­ril­di. Ýur­du­myz hal­ka­ra hu­ku­gy go­ra­mak üçin ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi ug­run­da çy­kyş edip, hyz­mat­daş döw­let­le­re BMG-niň çäk­le­rin­de yla­la­şy­lan dip­lo­ma­tik çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip ed­ýär.
Türk­me­nis­tan Ar­ka­la­şyk­da baş­lyk­lyk et­mek we­zi­pe­si­ni söw­da, yk­dy­sa­dy, ulag, ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek ba­bat­da ulan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şun­da GDA-nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Stra­te­gi­ýa­sy esa­sy ýol­gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýar. Ar­ka­la­şy­ga ag­za döw­let­le­riň lo­gis­ti­ka we inf­rast­ruk­tu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ýü­ze çy­kar­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­mek bi­len, ýur­du­myz 2027-nji ýy­ly «GDA-nyň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­me­gi tek­lip ed­ýär. Ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, se­bi­tiň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň hä­zir­ki mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan san­ly ösü­şe, in­no­wa­si­ýa­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Yn­san­per­wer ugur, şol san­da bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport, ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň GDA-da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň wa­jyp ug­ru­dyr. Şeý­le hyz­mat­daş­lyk
Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, halk­la­ryň ru­hy we me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­ma­gyň aý­ryl­maz şer­ti bo­lup dur­ýar.
2026-njy ýyl Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da «Sag­ly­gy go­ra­ma­gyň ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­gi we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­län Türk­me­nis­tan bu ugur­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip, şeý­le öza­ra gat­na­şyk­la­ry GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de hem iler­let­me­gi mak­sat edin­ýär. Hormatly Prezidentimize Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň «Sag­ly­gy go­ra­ýyş­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, ag­zy­bir­li­gi we dip­lo­ma­ti­ýa­ny öňe sür­mek­de go­şan go­şan­dy üçin» at­ly ýö­ri­te sy­la­gy­nyň gow­şu­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň bu ul­gam­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha eýe­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­lan wa­ka bol­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek me­se­le­le­ri­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Bu we­zi­pe­ler Türk­me­nis­ta­nyň GDA-da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň Kon­sep­si­ýa­syn­da hem be­ýa­ny­ny tap­dy. Umu­man, şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da­ky baş­lyk­ly­gy dür­li ugur­lar­da öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak, ne­ti­je­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra iter­gi ber­mä­ge we maz­mun taý­dan baý­laş­dyr­ma­ga, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­me­nis­tan se­bit we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri öňe sü­rüp, öza­ra gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak, bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler­den ýer­lik­li peý­da­lan­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ril­jek Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň bu for­ma­ta do­ly hu­kuk­ly ag­za hök­mün­de go­şul­ma­gy ha­kyn­da­ky baş­lan­gyç türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2025-nji ýy­lyň 5-nji aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da öňe sür­lüp­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol du­şu­şyk­da eden çy­ky­şyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Azer­baý­ja­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de öza­ra gol­da­wy­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge sal­dam­ly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýe­din­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da eden çy­ky­şyn­da nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan 2026-njy ýyl­da baş­lyk­ly­gy ka­bul et­mek bi­len, do­gan­lyk halk­la­ryň ara­syn­da ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi pug­ta­lan­dyr­mak, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek, uly göw­rüm­li ma­ýa go­ýum­lar we iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ulag, ener­ge­ti­ka, söw­da, önüm­çi­lik, teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­ny öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­re­bap, köp­şa­ha­ly, ne­ti­je­li, dur­nuk­ly ulag-lo­gis­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­niň döw­let­le­ri­mi­ziň stra­te­gik bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­tan bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gel­jek­ki anyk ädim­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dyr. Şun­da gür­rüň di­ňe bir tur­ba ge­çi­ri­ji tas­la­ma­lar däl, eý­sem, elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da hem bar­ýar.
Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­la­ryň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka we ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mek­de hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, saz­la­şyk­ly ugur­daş dü­züm­le­ri dö­ret­me­giň ýo­lun­da anyk ädim bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. 2025-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da ka­bul edi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça on­ýyl­ly­gy (2026 – 2035-nji ýyl­lar)» hem-de «Dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly ener­gi­ýa bi­rik­me­si­niň esa­sy or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma­lar şo­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr.
Şeý­le­lik­de, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, köp­ta­rap­la­ýyn meý­dan­ça­la­ryň çäk­le­rin­de sy­ýa­sy dia­lo­gyň, öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.