Şu gün­ler da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ün­si
2025-nji ýy­lyň äh­mi­ýet­li wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şanly 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re gö­nük­di. Da­şa­ry sy­ýa­sat de­re­jä­niň ýu­bi­leý se­ne­si my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de dür­li çä­re­ler top­lu­my gu­ral­dy.
Şu ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bol­sa Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ri­ler. Bu halkara foruma dünýäniň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ uly gyzyklanma bildirýärler. Iri hal­ka­ra agent­lik­le­ri we in­ter­net saýt­la­ry bu­lar ba­ra­da bel­le­mek bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­ny ka­bul eden­di­gi­ne ünsi çekýärler.
Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan çär­ýek­de bir ge­zek ne­şir edil­ýän «ECO He­ri­ta­ge» at­ly žur­na­lyň ýö­ri­te sa­ny Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. On­da şan­ly ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy we me­de­ni dur­mu­şyn­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ra, dün­ýä­de üç ge­zek bi­ra­gyz­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň äh­mi­ýe­ti­ne, iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ra ba­gyş­la­nan ma­ka­la­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Nýu-De­li şä­he­rin­de çap edil­ýän hem-de Azi­ýa se­bi­tin­de, se­bi­tiň çäk­le­rin­den alys­lar­da ýaý­ra­dyl­ýan «Bu­si­ness Сent­ral Asia» hal­ka­ra žur­na­ly şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da­ky sa­ny­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­dy. Bu ne­şir Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma­sy­na eýe bol­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýän no­bat­da­ky su­but­na­ma öw­rül­di.
Gru­zi­ýa­da «Fo­reign Bu­si­ness in Ge­or­gia» žur­na­ly­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ýö­ri­te sa­ny ne­şir edil­di. On­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ra hem-de türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şi­ne de­giş­li ma­ka­la­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Umu­man, žur­nal Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da BMG ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm wa­ka­lar, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de dur­nuk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýär.