29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçirildi.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Şweýsariýadan, Şwesiýadan, Ysraýyldan, Azerbaýjandan, Latwiýadan, Malaýziýadan, Oman Soltanlygyndan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Gazagystandan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Italiýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Müsürden, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Hindistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň köpüsi sergide öz iş ugurlary bilen ýakyndan tanyşdyrýan sergi diwarlyklaryny hem ýaýbaňlandyrdylar. Halkara hil ölçeglerini sertifikatlaşdyryş guramalary we maliýe düzümleri, dürli ugurlara degişli harytlaryny türkmen bazaryna hödürleýän, şol sanda Türkmenistanda ozaldan işläp gelýän kompaniýalar şolaryň hataryndadyr.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrdy. Söwda toplumyna degişli döwlet edaralarynyň – Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň diwarlyklarynda bu düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda söwda amallarynyň täzeçil usulda ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berildi. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak babatda iş ugurlary, kalibrleme tehnologiýalary görkezildi.
Sergi-ýarmarkada ISO, «Halal», ESG, GMP, GLOBALG.A.P ýaly halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň iş aýratynlyklary görkezildi. Olar diňe bir öndürilýän önümleriň hiline, howpsuzlygyna we ekologiýa taýdan arassalygyna däl, eýsem, harytlary öndürýän kärhananyň önümçilik tehnologiýalarynyň, işgärler düzümleriniň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, daşky gurşawa howpsuz çemeleşilýändigine we beýleki aýratynlyklara görä kepil geçýärler. Kärhanalarda halkara standartlaryň berjaý edilmegi olaryň harytlarynyň dünýäniň talapkär sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanmagyna, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Sergide «Hasar», «Täze Aý» hojalyk jemgyýetleriniň konditer we beýleki azyk önümleri, «Bereketli», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleriniň, «Ak toprak» hususy kärhanasynyň et, şöhlat we süýt önümleri görkezildi. Kärhanalaryň mynasyp bolan ISO we HACCP, «Halal» halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň hiliniň ýokarydygyna, ekologiýa taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalyk önümlerini öndüriji telekeçilerdir daýhan hojalyklary döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanmak bilen, bakja, gök we miwe önümleriniň, ekzotik önümleriň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar. Olar bu önümler bilen ýurdumyzyň sarp edijilerini bolelin üpjün etmek bilen bir hatarda, güneşli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümlerini daşary ýurtlara hem iberýärler. «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti, «Erkin miweçilik», «Altyn tug» hususy kärhanalary, «Tebigy ekin» daýhan hojalygy ösdürip ýetişdirýän ekologiýa taýdan arassa önümlerini sergä gelýänlere hödürledi.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän çaga iýmitleriniň görnüşleri hem myhmanlaryň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen kärhana diňe bir çaga iýmitlerini däl, lukmançylyk we arassaçylyk işlerinde ulanylýan serişdeleri hem öndürýär. Kärhanada öndürilýän önümlere «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 güwänamasynyň berilmegi olaryň ýokary hil derejesini tassyklaýar.
Gözden geçirilişde miwe suwlaryny, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalara-da möhüm orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Arçalyk», «Sada suw», «Çäksiz lezzet», «Ak ýaprak» hojalyk jemgyýetleriniň, «Parahat» hususy kärhanasynyň diwarlyklary bar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň elektron söwda platformalarynyň aýratynlyklary, hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanyşdyryldy. Birnäçe hususy kärhanalar senagatda we gurluşykda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, «Şanly bedew» hojalyk jemgyýeti polat we profil önümleriniň önümçiliginde, «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti boýag, emulsiýa serişdelerini öndürmekde, «Ýedidogan nur» hojalyk jemgyýeti önümleri gaplamakda, «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli yşyklandyryjylary taýýarlamakda bar bolan kuwwatlyklaryny görkezdi.
Ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli bölüm gözden geçirilişiň aýratyn bölegini emele getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlary tebigy çig maldan taýýarlanylan ýokary hilli dokma önümlerini hödürledi. Ýokary tehnologik enjamlar ornaşdyrylan dokma kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy netijesinde pudagyň öndürýän önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Şu gezekki sergä «Better Cotton», «Oeko-Tex» halkara standart guramalarynyň wekilleriniň hem gatnaşandygy bellärliklidir. Munuň özi geljegi uly bu pudakda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär.
Sergi-ýarmarka daşary ýurtlaryň kompaniýalary we ilçihanalar hem işjeň gatnaşyp, türkmen bazaryna hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde Germaniýanyň «Bosch» kompaniýasynyň hojalyk tehnikalary, «Messe Frankfurt» kompaniýasynyň halkara çäreleri guramakda alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň ilçihanalarynyň diwarlyklarynda türkmen tarapy bilen geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlary görkezildi. Şu gezekki sergi Türkiýäniň, Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlara giňişleýin maglumat almak üçin hem amatly şertleri döretdi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi diwarlyklarynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyryldy.
* * *
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri halkara hil ölçeglerine laýyk sertifikatlaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.
Maslahatda ýurdumyzyň kärhanalarynyň hödürleýän önümlerini we hyzmatlaryny halkara ülňülere laýyklykda sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada çykyşlar diňlenildi. Halkara ülňüleriň söwdany ösdürmekdäki, maýa goýumlary çekmekdäki orny, elektron eksport, erkin ykdysady zolaklar üçin ülňüler, işewürlik üçin amaly ädimler halkara maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem oba hojalygynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça GLOBALG.A.P. ülňüleriniň ähmiýeti hem-de olaryň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada ornaşdyrylyşy, organiki şahadatnamalaryň görnüşleri, oba hojalygynda ESG ölçeglerini ornaşdyrmagyň tejribesi maslahatyň ýörite bölümçesinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we onuň oňyn netijeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahat öz işini 1-nji maýda tamamlady. Halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen «Ýangyç-energetika pudagynda sertifikatlaşdyryş», «Azyk senagaty», «Dokma we ýeňil senagat», «Maglumat tehnologiýalary we startaplar üçin ülňüler», «Merkezi Aziýa sebitinde söwda, ülňüler, sertifikatlaşdyryş we akkreditasiýa meseleleri» atly bölümçelerde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bar bolan mümkinçilikler, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara çäreleriň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, sertifikatlaşdyryş guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi, hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi.