17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.

Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ser­gä hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy.
Soň­ra myh­man­lar hu­su­sy pu­da­gyň ýe­ten sep­git­le­ri­ni şöh­le­len­dir­ýän kö­pu­gur­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar. Bu göz­den ge­çi­ri­liş ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, do­lan­dyr­ma­gyň in­no­wa­si­on usul­la­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­ýän kuw­wat­ly dö­re­di­ji güý­je öw­rül­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Şu ýyl­ky ser­gä mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň ýüz­ler­çe­si gat­naş­ýar.
Ser­gi­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­­ler we ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri gör­kez­ýän di­war­lyk­lar esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Myh­man­lar dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyň esa­sy­ny düz­ýän «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ryň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Gur­lu­şyk se­na­ga­ty­na de­giş­li bö­lüm­ler­de «Der­ýap­las­tik», «Ak bu­lut» ýa­ly kär­ha­na­lar şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de iş­jeň ula­nyl­ýan in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Di­war­lyk­lar­da gör­ke­zil­ýän ýo­ka­ry hil­li be­zeg se­riş­de­le­ri, as­ma pe­tik­ler, po­li­mer tur­ba­lar hi­li bo­ýun­ça dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri­niň teh­no­lo­gik taý­dan kä­mil­leş­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Te­le­ke­çi­le­riň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na ba­gyş­la­nan eks­po­zi­si­ýa­lar aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti te­le­wi­zor­la­ryň, komp­ýu­ter­le­riň, yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­nyň we beý­le­ki elekt­ron teh­ni­ka­la­ryň tä­ze nus­ga­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Mu­nuň özi hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. «Nur­ly meý­dan», «Sa­ha­bat­ly» ýa­ly iri kär­ha­na­lar guş­çu­lyk we mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Bu gün olar içer­ki ba­za­ry üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da, da­şar­ky ba­zar­la­ra hem ynam­ly çyk­ýar­lar. Süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň di­war­lyk­la­ry önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ha­sar», «Mis­gär» ýa­ly kär­ha­na­la­ryň di­war­lyk­la­ry aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Azyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de hal­ka­ra howp­suz­lyk stan­dart­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne dün­ýä bel­li ha­ryt ny­şan­la­ry bi­len üs­tün­lik­li bäs­deş­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry­nyň hal­ka­ra ISO hem-de HAССP gü­wä­na­ma­la­ry­na eýe bol­ma­gy ola­ryň azyk önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li­di­gi­ne, eko­lo­gik taý­dan howp­suz­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da iş­le­ýän hu­su­sy te­le­ke­çi­ler öý-ho­ja­lyk we ýö­ri­te­leş­di­ri­len hi­mi­ýa se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Oba ho­ja­lyk­çy­lar üçin ýer­li çig mal­dan ön­dü­ril­ýän su­wuk or­ga­no­mi­ne­ral dö­kün­ler, gu­min se­riş­de­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýan di­war­lyk­lar ser­gä ge­len­le­riň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­ýär.
Me­bel we öý-ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­na ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler­de de­giş­li kär­ha­na­lar mil­li däp­le­ri na­za­ra alyp, öň­de­ba­ry­jy di­zaý­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Hü­när­men­le­riň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy, eko­lo­gik taý­dan aras­sa se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gy bu önüm­le­ri geç­gin­li ha­ry­da öwür­ýär. Ýe­ňil se­na­ga­ta ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler­de mil­li na­gyş­la­ry hä­zir­ki za­man dün­ýä me­ýil­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan egin-eşik­ler, dok­ma önüm­le­ri ta­nyş­dy­ryl­ýar. Hu­su­sy ti­kin­çi­lik kär­ha­na­la­ry mil­li ha­ryt ny­şan­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni üs­tün­lik­li öz­leş­dir­ýär­ler.
Luk­man­çy­lyk se­na­ga­tyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­ýan bö­lüm­de
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­ýär. Di­war­lyk­lar­da luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne ýö­ri­te­le­şen kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri gör­ke­zil­ýär. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­rin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ýo­ka­ry hil­li se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek­de hu­su­sy baş­lan­gyç­lar üçin tä­ze göz­ýe­tim­le­ri açar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň in­no­wa­si­on se­na­gat zo­lak­la­ry­ny hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne ulan­ma­ga top­lum­la­ýyn çe­me­leş­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rü­ler.
Ser­gi­de ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler bi­len hem ta­nyş­dy­ryl­ýar. «Ha­zar lo­gis­tik», «Ulag­ly» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler. Hu­su­sy ýük da­şaý­jy­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­ma­gy Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän wa­jyp üs­ta­şyr ulag mer­kez hök­mün­de ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän or­nu­ny açyp gör­kez­ýär. Söw­da we dur­muş hyz­mat­la­ry­na ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler­de hal­ka­ra stan­dart­lar bo­ýun­ça iş­le­ýän su­per­mar­ket­ler öz müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Elekt­ron tö­leg ul­gam­la­ry­nyň, san­ly hyz­mat­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy in­no­wa­si­ýa­la­ryň adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şy­na giň­den or­naş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Ser­gi­niň aý­ra­tyn bö­lü­mi ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re ba­gyş­la­nyp­dyr. Bu ugur­da iş alyp bar­ýan te­le­ke­çi­ler pe­der­le­ri­mi­ziň bi­ze go­ýan mi­ra­sy­ny aýaw­ly sak­la­ýar­lar. Ne­pis ha­ly önüm­le­ri, şaý-sep­ler şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz bi­len be­ýik gel­je­gi­mi­ziň ara­syn­da köp­ri bo­lup, myh­man­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Eks­po­zi­si­ýa hu­su­sy pu­da­gyň sport se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­ny hem do­ly açyp gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän sport egin-eşik­le­ri aly­jy­la­ryň ara­syn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar.
Ne­şir­ýat we çap­ha­na işi­ne ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler­de ýur­du­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni şöh­le­len­dir­ýän çap­ha­na önüm­le­ri gör­ke­zil­ýär. Ýer­li çap­ha­na­çy­la­ryň döw­re­bap di­zaý­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri bu ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­da­gyň ösü­şi­niň de­re­je­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Kä­bir hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy we aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. Mu­nuň özi türk­men işe­wür­li­gi­niň «ýa­şyl» ösüş ýö­rel­ge­le­ri­ne, ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär.
Ser­gi bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da myh­man­lar göz­den ge­çi­ri­li­şiň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni, öz di­war­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýan iş­gär­le­riň hü­när ussatlygyny bel­le­ýär­ler. Her bir eks­po­zi­si­ýa öz yk­ba­ly­ny te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bi­len bag­lan adam­la­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­niň we ze­hi­ni­niň ne­ti­je­si­dir. Şu ge­zek­ki ser­gi döw­let
Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň we hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ra ber­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Di­ýa­ry­myz­da dö­re­di­len amat­ly hu­kuk we ma­li­ýe şert­le­ri te­le­ke­çi­le­re dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, gel­je­ge ynam bi­len ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ser­gi 19-njy mart­da öz işi­ni ta­mam­lar.