10-njy fewralda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde geçirilen dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda iň gowy etrabyň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabyň ýaşaýjylaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň çar künjünde amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalarynyň çäklerinde Sakarçäge etrabynda hem ähli durmuş şertleri üpjün edilen döwrebap obalar we şäherçeler kemala geldi.
Milli maksatnamalara laýyklykda, etrapda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we täzeleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Etrabyň okgunly ösüşinde hususy telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Olar sebitiň çäginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhan hojalyklary, azyk kärhanalary azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň ýaşaýjylarynyň dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri-de örän guwandyryjydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Täze tehnikalary satyn almaga, obasenagat toplumynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlar gönükdirilýär. Daýhan birleşikleri we kärendeçiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Etrabyň çäginde ýerleşýän pagta-egirme fabrigi, iri pagta arassalaýjy kärhana pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmetinden kemala gelen çig maly gaýtadan işläp, içerki we daşarky bazarlara ugradýar. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny iň ýokary görkezijileri gazanmak babatda döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmet çekip, eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gazanylan üstünligiň täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny bellediler.
Ýygnananlar Sakarçäge etrabynyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.