Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginde suwuň basyşyny ýokarlandyryjy bekediň hem-de agyz suw geçirijisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara guraldy. Täze desga Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Desganyň gurluşyk işlerini «Ark» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Kuwwaty bir gije-gündizde 4,5 müň kub metr suwa barabar bolan desganyň tutýan meýdany 1,14 gektara ýetýär. Bekediň düzüminde suw göteriji 4 sany elektrik hereketlendirijisi gurnaldy. Her biri 1000 kub metrlik iki we 2500 kub metrlik sygymly bir howuz ýokary hil derejesinde guruldy. Suw geçiriji turbalaryň uzynlygy «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginden täze bekede çenli 15,1, beketden şäherçäniň Bagtyýar nesil köçesine çenli bolsa 4,3 kilometre barabar boldy.

Desgada gurnalan iki sany kuwwatly elektrik bekedi onuň durnukly işini üpjün edýär, şeýle-de ätiýaçlyk hökmünde dizel ýangyjynda işleýän awtomatlaşdyrylan beket gurnaldy. Bu bolsa suw üpjünçiliginiň üznüksiz bolmagyny kepillendirýär.

Dabaranyň dowamynda täze desganyň gurulmagyna mynasyp goşant goşan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.