17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze toplumyň ýanyndaky meýdança gondy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň aýdymçylarynyň hoş owazly çykyşlary we joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ajaýyp çykyşlary üçin sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa bilen söhbetdeş boldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz esasy dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler ör turup milli Liderimizi garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumy işe girizildi. Şu gün bolsa welaýatyň Babadaýhan etrabynda hem ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýär. Bu bolsa Garaşsyzlyk eýýamynda düýbünden täzeden döredilip, milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň birine öwrülen dokma senagatynyň uly ösüşlere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bereketli türkmen topragynyň gymmatly baýlygy, halkymyzyň altyna deňeýän milli guwanjy bolan ak pagtamyz indi dolulygyna öz ýurdumyzda gaýtadan işlenip, şondan ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli, köp görnüşli taýýar önümler öndürilýär. Ekologik taýdan arassa bu harytlar dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Netijede, gymmatly çig maldan taýýarlanan önümleriň bahasy birnäçe esse ýokarlanyp, olar gyzyl pulda döwletimize köp möçberde girdeji getirýär, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwrebap dokma toplumynda 1 müň 150 adam zähmet çeker
Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz toplumyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini aýtdy.
Täze kärhananyň önümleri içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, köp möçberde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde, özümizden artýan taýýar önümleri beýleki döwletlere-de ibermäge şert döreder. Bu bolsa pudagyň eksport mümkinçiligini, gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmaga uly goşant goşar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzda 1 müň 150 sany täze iş orny dörär. Bu bolsa golaýdaky etraplardyr şäherleriň ilatyny hem iş bilen üpjün etmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Halkara sylaglar hem-de güwänamalar gowşuryldy
Soňra hormatly Prezidentimiz Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) bu günki dabara sanly ulgam arkaly goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.
Ilki bilen Şweýsariýanyň «Rieter Management AG» kompaniýasynyň enjamlar we ulgamlar boýunça işewür toparlarynyň ýolbaşçysy Rojer Albreht çykyş etdi. Biziň kompaniýamyz bu toplumda ýüplügi gaplamak üçin enjamlary ornaşdyrdy diýip, işewür nygtady. Işewür Babadaýhan etrabyndaky dokma kärhanasynyň öndüren önümleriniň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanjakdygyna ynam bildirip, toplumyň kompaniýanyň enjamlary bilen üpjün edilendigi hakyndaky ýörite güwänamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
Soňra Belgiýanyň «Piсanol» kompaniýasynyň direktory, Şweýsariýanyň «Rieter» kompaniýasynyň paýdary Luk Tak çykyş etdi. Işewür «Piсanol» kompaniýasynyň 2014-nji ýylda ýurdumyzyň kärhanalaryna dokma enjamlarynyň 276-syny, 2021-nji ýylda bolsa Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda, degişlilikde, 100 we 110 sany önümçilik enjamlaryny ornaşdyrandygyny aýtdy. Luk Tak täze dokma toplumyna kompaniýanyň degişli güwänamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
Soňra Türkiýäniň «Alberk QA» halkara tehniki gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasynyň daşary ýurtlar boýunça dolandyryjysy hanym Begüm Atakan çykyş edip, Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyna ISO 9001, ISO 14001, SA 8000, ISO 45001 we ISO 10002 hil güwänamalaryny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Soňra Germaniýanyň Hohenştaýn dokma barlag institutynyň güwänamalaşdyryş bölüminiň inženeri hanym Ursula Seibitin çykyş etdi. Babadaýhan dokma toplumy Germaniýanyň «Monforst» kompaniýasynyň güwänamasyna we guramalaryň hem-de kärhanalaryň hil menejment ulgamynyň ISO 9001 güwänamasyna, jemgyýet jogapkärçiligi menejment ulgamynyň SA 8000 güwänamasyna, şeýle hem Oeko-Teх Standard güwänamasyna mynasyp boldy. Munuň özi toplumyň önümleriniň ýokary ekologik talaplara we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň dokma senagaty köp ýyllaryň dowamynda önümleriniň ýokary hil derejesine mynasyp bolýandygy bilen giňden ykrar edilip, ISO 9001, ISO 14001 we OHSAS 18001 güwänamalaryna eýe boldy.
Şonuň ýaly-da, hanym Ursula Seibitin Babadaýhan dokma toplumyna önümçiligiň islendik tapgyrynda howpsuzlygy we zyýanly himiki maddalaryň ýokdugyny tassyklaýan Oeko-Teх Standart güwänamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi. Şeýle hem täze dokma toplumyna «Monforized» kompaniýasynyň güwänamasy gowşuryldy.
Fabrikde ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işleniler
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi. Dokma senagatynyň täze desgasy açyldy!
Ilki bilen milli Liderimiz kärhananyň esasy önümhanalarynda pagta süýüminden ýüplügi taýýarlamagyň tapgyrlaryny synlaýar. Hünärmenler döwlet Baştutanymyzy oturdylan enjamlaryň tehniki aýratynlyklary hem-de artykmaçlyklary bilen jikme-jik tanyşdyrýarlar. Bu ýerde Şweýsariýanyň «Rieter AG» hem-de Ýaponiýanyň «Murata Manufacturing Ltd.» kompaniýalarynyň örän tygşytly hem-de ýokary öndürijilikli iň täze enjamlary oturdyldy. Ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar tebigy serişdeleri tygşytlamaga hem-de önümçilik galyndylaryny azaltmaga ýardam eder. Şu kysymly enjamlar nou-haulary ulanmagyň hasabyna birnäçe artykmaçlyklara eýedir – ýüplük üçin çykdajylar kadalaşdyrylýar, ýokary hil üpjün edilýär hem-de energiýa az sarp edilýär.
Döwlet Baştutanymyz önümçilik tapgyry bilen tanyşdy. Fabrikde ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemek, 3 müň 300 tonna ýokary hilli «kompakt-penýe» kysymly ýüplük öndürmek hem-de garyşyk ýüplük çykarmak üçin mümkinçilikler döredildi. Ýüplügiň bu görnüşi erkek adamlaryň köýneklerini, ýokary hilli trikotaž önümlerini, ýorgan-düşek daşlaryny we jorap önümlerini öndürmekde ulanylyp bilner.
Dürli matalaryň 20 million inedördül metri öndüriler
Soňra milli Liderimiz dokma fabrigine bardy. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän innowasion enjamlar oturdyldy. Olaryň kömegi bilen süýümiň, ýüplügiň häsiýetli aýratynlyklary kesgitlenýär, öndürilýän önüm bolsa halkara ülňülere doly laýyk gelip, matalaryň berkligini, olaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.
Dokma önümçiliginiň hünärmeni döwlet Baştutanymyza kärhananyň Belgiýanyň «Piсanol» kompaniýasynyň innowasion enjamlary bilen üpjün edilendigini habar berdi. Ol ýylda ýokary hilli dürli matalaryň 20 million inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýerde öndürilýän matalar reňk öwüşginleriniň köpdürlüligi, iň esasysy bolsa, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň önümleriniň ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi ýurdumyzyň dokma pudagynyň kärhanalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplarynyň berjaý edilýändigine güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiz dürli reňkli top matalaryň birnäçe görnüşini synlap, olaryň hili hem-de boýaglarynyň durumlylygy bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz boýag bölümine bardy. Ol ýerde umumy meýdanda doly awtomatlaşdyrylan aklanan, ýylmanak görnüşde boýalan we basyjy materiallary öndürmäge mümkinçilik berýän akym ulgamlarydyr enjamlar ykjam ýerleşdirilipdir. Bu bölümiň işgäri milli Liderimize matalaryň deslapky tehnologik gözegçilikden geçirilýändigini, özi-de matanyň her bir görnüşi üçin bezeg hem-de boýag usullarynyň bardygyny gürrüň berdi.
Milli Liderimiz boýag fabriginiň iş usuly, bu ýerde oturdylan enjamlaryň aýratynlyklary bilen jikme-jik tanşyp, ulanylýan reňkleriň durnuklylyk derejesini ýokarlandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de häzirki zaman usullaryny we milli däpleri utgaşdyryp, reňkleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärli, ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.
Öňdebaryjy ýörite usullaryň ulanylmagy reňkleriň berkligini, Gün şöhlesine durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ýöriteleşdirilen enjamlaryň köp sanlysy materiallaryň uzak möhletleýinligini, ýumşaklygyny hem-de az ýygyrt atmagyny üpjün edýär. Reňkleri garmak bellenen tertibe laýyklykda, ýörite enjamlarda amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Germaniýanyň «Monforts», Türkiýäniň «Eliar», «Mumnun», «Beneks» kompaniýalarynyň boýag enjamlary bar. Şolaryň kömegi bilen awtomatik usulda himiki hem-de boýag serişdeleri zerur möçberlerde alynýar we dürli boýaglar taýýarlanylýar.
Taýýar tikin önümleriniň 3 million 500 müňüsi çykarylar
Soňra döwlet Baştutanymyz tikinçilik fabriginiň binasyna tarap ugrady hem-de bu ýerden dünýä belli taýýar önüm öndürijiler bolan «Juki» (Ýaponiýa), «BAYSONIС» (Türkiýe) «TEХPA» (Germaniýa) tarapyndan oturdylan enjamlar we önümçilik tapgyry bilen gyzyklandy.
Önümhananyň hünärmeniniň habar berşi ýaly, bu ýerde ýylda taýýar tikin önümleriniň 3 million 500 müňüsini çykarmak meýilleşdirilýär.
Tikinçilik fabriginiň düzüminde modelirleme bölümi bar. Ol ýerde ýaş gyzlar kompýuterlerde degişli reňkleri saýlap, özleriniň döredijilik zehinine hem-de milli çeperçilik mekdebiniň däplerine laýyklykda, keşpleridir şekilleri döredýärler. Taýýarlanan matalar ýörite ülňüler esasynda ýerine ýetirilip, ol matanyň uzynlygyny, inini, biçimleriň arasyndaky galyndylaryň möçberini kesgitleýär.
Bu ýerde mata, esasy çig mal, sapakdyr iliklere we beýlekilere harçlanýan çykdajylar, gaplamagyň görnüşi, gaplar baradaky ähli zerur maglumatlar jemlenýär. Bölümiň synag önümhanasynda enjamlaryň görnüşleri boýunça sarp edilýän ýüplük hem-de önüm öndürmäge sarp edilýän wagt hasaplanylýar. Şeýle hem bu ýerde awtomatlaşdyrylan biçüw bölümi bar. Ýöriteleşdirilen enjamlar önümi tikmegiň tehnologik yzygiderliligine laýyklykda ýerleşdirilipdir.
Ähli önümçilik tehnologiýasy toplamak we gaplamak bölüminde tamamlanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize çalt hereket edýän enjamyň taýýar önümi ilki polietilen gaplaýşy, soňra bolsa buýrujynyň islegine laýyklykda ýörite gaplara ýerleşdirilişi görkezildi.
Dokma pudagynyň gazananlarynyň sergisi guraldy
Soňra hormatly Prezidentimiz ýörite bellenilen ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Onda dokma pudagynyň kärhanalarynyň, şol sanda täze toplumyň taýýar önümleriniň giň görnüşleri ýerleşdirilipdir. Ekologik taýdan arassa ýüplükden taýýarlanan çagalar, erkek adamlar hem-de zenanlar üçin eşikler, sport lybaslary, ýorgan-düşek daşlary, dürli süpürgiçler, joraplaryň dürli görnüşleri we beýleki önümler ýurdumyzyň dokma pudagynyň milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş derejesine çykandygyny aýdyň görkezýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we binanyň daşyna çykdy. Bu ýerde milli Liderimiz täze dokma toplumyna täze awtobuslaryň, ýeňil awtoulagyň hem-de ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.