5-11-nji noýabrda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde Sileziýa uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 7-nji Halkara Toparlaýyn matematika bäsleşigi (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) geçirildi. Bu bäsleşige Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Bäsleşikde Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden 154 talyp çykyş etdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip şahsy hasapda 9 sany altyn medala, 8 sany kümüş medala we 2 sany bürünç medala, toparlaýyn bäsleşikde 2 sany kümüş medala we 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Bäsleşigiň şahsy görnüşinde gatnaşyjy talyplaryň ählisiniň altyn medala eýe bolup, toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça hem üstünlikli çykyş edendigi üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary ýaryşyň 3-nji derejeli kubogy bilen sylaglanyldy.
Çeşme: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
PDF









