ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “G” toparcada Ýewropanyň toparlary gol geçirtmezden ýeňiş gazanmagy başardy. “Ýuwentus” BAE-niň “Al Ain” toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Gollaryň 2-sini Kolo Muani, 2-sini Konseýsau, ýene birini bolsa Kenan Ýyldyz öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýaryşyň faworitlerinden “Mançester Siti” topary Marokkonyň “Widad” toparyny Foden bilen Dokunyň gollary esasynda 2-0 hasap bilen utdy.

“H” toparçada “Real Madrid” bilen “Al Hilalyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymy arap klubunyň üstünliginde geçen duşuşykda “Realyň” goluny 34-nji minutda ýaş hüjümçi Gonzalo Garsiýa geçirdi. Arakesmeden öň arap kluby Neweşiň 11 metrlik jerime urgusyndan saln goly bilen hasaby deňledi. Oýnuň soňky minutlarynda ispanlara öňe geçmek üçin mümkinçilik bolsa-da, Walwerdeniň uran penaltinisini marokkoly derwezeçi Ýassin Bunu saklamagyň hötdesinden geldi.

Meksikanyň “Paçuka” topary bilen Awstriýanyň “Red Bull Salsburg” toparynyň arasyndaky oýunda ýewropalylar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.