PISA, ITALY - AUGUST 02: Filippo Inzaghi of Pisa coach reacts during the Pre-season Friendly match between Pisa v FC Internazionale at Arena Garibaldi on August 02, 2024 in Pisa, Italy. (Photo by Image Photo Agency/Getty Images)

“Serie B”-de “Piza” toparyna ikinjilik gazandyryp, 34 ýyldan soň “Serie A” çykaran tälimçi Filippo Inzagi klub bilen şertnamasyny ýatyrdy. 51 ýaşyndaky hünärmen täzeden 2-nji liga dolanyp, ol “Serie B”-de çykyş edýän “Palermo” toparynyň tälimçisi boldy. Italiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýyldyz hüjümçisi 2-nji gezek bir topary “Serie A” çykardy. Ol mundan öň “Wenesiýany” 2017-nji ýylda “Serie C”-den “Serie B”, 2020-nji ýylda-da “Benewento” toparyny taryhynda 2-nji gezek “Serie A” çykarypdy.

Tälimçililik karýerasyna 2014-nji ýylda futbolçylykda 11 ýylyny geçiren “Milanda” başlan Inzagi “Wenesiýa”, “Bolonýa”, “Benewento”, “Breşiýa”, “Rejina”, “Salernitano” hem-de “Piza” klublaryny türgenleşdirdi. Filipponyň 2 ýaş kiçi inisi Simone Inzagi hem tälimçi bolup, ol agasyna garanyňda, futbolçylygy pesräk geçen hem bolsa, tälimçilikde uly başarnyklara ýetdi. “Lasio” hem-de “Inter” toparlarynda degişlilikde, 5 we 4 ýyl işlän Simone Inzagi golaýda Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.