Italiýanyň “Ýuwentus” topary Portugaliýanyň “Porto” toparyndan sag gyrada oýnaýan Žoao Mariony 12 million ýewro transfer etdi. Portugaliýaly 25 ýaşyndaky oýunçy turinliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Žoao Mario “Portonyň” esasy düzüminde 6 möwsüm çykyş edip, 181 duşuşykda meýdança çykdy (5 gol). Ýuwentus topary Portugaliýanyň ýygyndysynda-da 3 duşuşyk geçiren Žoao Mariodan öň “Portonyň” ýene bir futbolçysyny, Fransişku Konseýsauny hem 32 million ýewro berip, ymykly düzümine geçiripdi. Konseýsau geçen möwsüm “Ýuwentusda” kärendesine oýnapdy.