Stambulda 5 gol geçirdip, şolaryň 2-siniň öwezini dolan “Ýuwentus” Turinde ýeňiş gazansa-da, olara ýaryşda galmak başartmady. 37-nji minutda Lokatelliniň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly esasynda öňe saýlanan “Ýuwentus” 2-nji ýarymyň başynda meýdançada 1 oýunçy kem galdy. 48-nji minutda Kelli gyzyl kart alyp, “Ýuwentus” soňky 4 duşuşygyň 3-sinde oýny 11 futbolçy bilen tamamlap bilmedi. Muňa garamazdan, ruhdan düşmedik turinliler 70-nji minutda Gattiniň, 82-nji minutda-da MakKenniniň gollary bilen 2 oýnuň netijesi boýunça hasaby deňledi. Ýeňijini kesgitlemek üçin goşmaça 30 minut berlip, 105+1-nji minutda “Ýuwentusyň” tälimçisi Luçano Spallettiniň ozalky şägirdi Wiktor Osimhen umumy hasapda türk klubuny öňe geçirdi. Duşuşygyň 118-nji minutynda bolsa Baryş Ýylmaz oýna soňky nokady goýdy. “Galatasaraý” goşmaça wagtda geçiren gollary esasynda umumy netijede 7-5 öňe saýlanyp, 1/8 finala adyny ýazdyrdy.