Saud Arabystanynyň çempionatynyň lideri “Al-Hilal” topary ligadaky garşydaşy “Al-Ittihadyň” fransiýaly ýyldyzy Karim Benzemany düzümine goşdy. “Al-Ittihad” bilen şertnamasyny ýatyran 38 ýaşyndaky Benzema “Al-Hilal” bilen 1,5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Ol “Al-Ittihadyň” teklip eden täze şertnamasyndan nägile bolup, klubdan gaýtdy. “Al-Nassrda” çykyş edýän Kristiano Ronaldo ozalky topardaşynyň “Al-Hilala” geçmegine öz nägileligini bildirse-de, fransiýaly hüjümçi Jidda şäherinden paýtagta geldi.

Saud Arabystanyna gelmezden öň diňe “Lion” hem-de “Real Madrid” klublarynyň köýnekçelerini geýen Benzema fransuz toparynda 148 oýunda 66, ispan toparynda bolsa 648 duşuşykda 354 gol geçirdi. Benzema “Al-Ittihad” toparynda 2,5 möwsüm çykyş edip, 87 duşuşykda 57 goly derwezä girizdi. Ýyldyz hüjümçi Fransiýanyň milli ýygyndysynda-da 97 gezek meýdança çykyp, şolarda 37 gezek tapawutlandy.