UEFA Çempionlar Ligasynda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Napolini” kabul etdi. Duşuşykda 10 ýyllap şäherlileriň köýnekçesini geýen we tomusda “Napoli” toparyna transfer bolan Kewin De Bruýne hem esasy düzümde oýnady. Duşuşygyň 21-nji minutynda “Napolide” Jowanni Di Lorenzo gyzyl kart aldy. “Mançester Siti” 2-nji ýarymda 2 gol geçirdi. Oýnuň 56-njy minutynda Erling Holann hasaby açdy. Bu onuň Çempionlar Ligasyndaky 50-nji goly bolup, ol 49 oýunda bu görkezijä ýetmegi başardy. Ol 50 gola iň çalt ýeten futbolçy bolup, Nistelrooýyň rekordyny täzeledi (62 oýunda 50 gol). Holann 20, 30, 40 gola-da iň çalt ýeten futbolçy bolupdy.
Duşuşygyň 66-njy minutynda Jeremi Doku owadan gol geçirip, oýna soňky nokady goýdy.