Nýu-Ýork halkara awtosergisinde “World Car of the Year” baýragynyň jemleri jemlenip, şu ýylyň baş baýragyna “Kia EV3” elektroulagy eýe boldy. Koreý brendiniň ulagy bäsdeşleriniň ählisinden öňe geçip, “Ýylyň bütindünýä awtoulagy” adyny eýe boldy. “Kia EV3” döwrebap dizaýny we tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ulagyň geçýän ýoly 605 kilometre deň, doly zarýad bermek bolsa ýarym sagat töweregi wagt alýar.