OZALKY FILMLERI DOWAMY
«Ready or Not 2: Here I Come»
Komediýa hem-de gorky žanrlaryny özünde jemleýän we mundan 7 ýyl öň ekranlara çykan «Taýýarmy ýa-da ýok?» filminiň ikinjisi mart aýynyň 27-sinde erkanlara çykar. Mätt Bettinelli-Olpin bilen Taýler Žilleniň režissýorlyk edýän kinosynda baş keşbi ýene-de Samara Wiwing janlandyryp, bu gezek oňa Ketrin Nýuton, Sara Mişell Gellar ýaly aktrisalar hem ýoldaşlyk edýärler.
«Cliffhanger»
Silwester Stalloneniň mundan 33 ýyl öň surata düşen «Dyrmaşyjy» filminiň ikinji kinosyna ispaniýaly Žoume Koliet-Serra režissýorlyk edýär. Filmde Lili Jeýms, Nell Taýger Fri, Frans Rogowski, Piers Brosnan ýaly tanymal artistler esasy keşplerde surata düşýärler. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinosy 28-nji awgustda ekranlara çykar.
«The Hunger Games: Sunrise on the Reaping»
Ussat režissýor Fransis Lawrens tarapyndan surata düşürilen «Açlyk oýunlary» filmleriniň hataryna ýene biri goşulýar. «Lionsgate» studiýasyna degişli filmde Ýosef Zada, soňky ýyllarda meşhurlygy artýan Jesse Plemons, şol sanda Raýf Faýns, Glenn Klouz ýaly ussatlar, oskarly Kiran Kalkin, Ell Fanning hem-de Maýa Haýke dagy surata düşýär. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinosy 20-nji noýabrda kinoteatrlaryň ekranlaryny bezär.
«Practical Magic 2»
Oskarly aktrisalar Nikol Kidman bilen Sandra Bullogyň bilelikde surata düşen «Iş bitiriji jady» filminden 28 ýyl soň onuň 2-nji kinosy peýda bolar. Daniýaly meşhur zenan režissýor Suzane Bieriň kameranyň arkasyna geçen kinosynda ýene-de Bullok bilen Kidman surata düşüp, olara Maýsi Williams, Joý King, Solo Mariduenýa ýaly ýaş artistler ýoldaşlyk edýärler. Fantastik we romantik görnüşdäki bu film 18-nji sentýabrda kinoteatrlara goýberiler.
«Focker In-Law»
Ilkinji gezek 26 ýyl mundan ozal ekranlarda peýda bolan Fokerleriň maşgalasynyň gülküli başdan geçirmesiniň 4-nji kinosy «Focker In-Law» diýlip atlandyrylýar. Jon Hamburgyň režissýorlyk edýän kinosynda ýene-de Robert de Niro, Ben Stiller, Owen Wilson dagy surata düşüp, olaryň hataryna Ariana Grande goşulýar. Meşhur komediýanyň täze kinosy 25-nji noýabrdan başlap, prokatlara ýaýradylar.
«Narnia: The Magician’s Nephew»
Çagalaryň söýgüli ertekiler toplumy «Narniýanyň gündelikleri» ýene bir ýola ekranlara gaýdyp gelýär. Mundan öňki synanyşyk o diýen şowly bolmandy. Bu gezek filme kino muşdaklary zenan režissýor Greta Gerwigiň nukdaýnazaryndan tomaşa ederler. «Netflix»-iň önümçiligindäki ekran eseriniň 26-njy noýabrda halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmegine garaşylýar. Filmde Emma Maki, Kari Malligan, Daniel Kreýg, Denis Guf ýaly meşhur artistler surata düşýärler. Filmiň IMAX tehnologiýasy bilen ekranlaşdyrylýandygy habar berlipdi.
«Jumanji»
Meşhur «Jumanji» filmler toplumynyň umumylykda 4-nji kinosy hem 2026-njy ýylda kinoteatrlary bezejek ekran eserleriniň biri bolup, 11-nji dekabrda prokatlara ýaýradylar. Jeýk Kasdan ýene-de kameranyň arkasyna geçip, Dweýn Jonson, Jäk Bläk, Kewin Hart, Karen Jillian, Nik Jonas dagy ozalky keşplerini ýerine ýetirerler.
EKŞN we TRILLER GÖRNÜŞLI KINOLAR
«The Rip»
Hakyky durmuşda-da iki ýakyn dost bolan Mett Deýmon bilen Ben Afflegiň bilelikde surata düşen kinosyna Jou Karnahan režissýorlyk edýär. Triller görnüşli kino 16-njy ýanwarda «Netflix»-iň tekjesinde özüne orun tapar.
«Crime 101»
Ýylyň öňe saýlanan kraým, triller görnüşli ýene bir kinosy «Crime 101» diýlip atlandyrylýar. Bart Leýtonyň režissýorlygyndaky filmde meşhur ýyldyzlardan Kris Hemswort, Mark Ruffalo, Berri Keogan, Monika Barbaro, Nik Nolte, Halli Berri dagy dürli keşplerde surata düşýärler.
«Apex»
Ekşn filmleriniň islandiýaly režissýory Baltasar Kormakuryň nobatdaky kinosy «Apex» diýlip atlandyrylýar. 24-nji aprelden «Netflix»-de görkezilip başlanjak filmde Şarliz Teron, Taron Ejerton, Erik Bana ýaly «Hollywood»-yň meşhur artistleri surata düşýärler.
«Normal»
Aglaba seriallardaky keşpleri bilen adygan, ýöne «Hiç kim» (Nobody) filmi bilen kino muşdaklarynyň hem uly söýgüsini gazanan Bob Odenkirkiň baş keşpdäki täze ekran eseri «Normal» diýlip atlandyrylýar. Ben Witliniň režissýorlygyndaky filmiň görkeziljek wagty 17-nji aprel diýlip bellenilip, ekran eserinde britaniýaly tanymal aktrisa Lina Hidi hem surata düşýär.
«Animal Friend»
«Warner Bros.» studiýasynyň animasiýa gatyşykly filmi «Haýwan dostlar» 1-nji maýda ekranlarda peýda bolar. Piter Atensionyň režissýorlygyndaky ekşn komediýa görnüşli ekran eserinde Raýan Reýnolds, Jeýson Mamoa, Wins Won, Obri Plaza, Addison Rae, Elli Bamber ýaly artistler surata düşüp, filmiň gahrymanlaryna ses berýärler.
«The Sheep Detectives»
Meşhur aktýor Hýu Jekmanyň baş keşpde surata düşýän komediýa hem-de detektiw görnüşdäki bu filmine Kaýl Balda režissýorlyk edýär. 7-nji maýda ekranlara çykjak filmde Emma Tompson, Braýan Kranston, Nikolas Galitsin, Molli Gordon ýaly artistler hem dürli keşpleri ýerine ýetirýärler.
«Masters of the Universe»
«Amazon MGM Studios»-yň önümi bolan «Älemiň ussatlary» ylmy-fantastik ekşn filminde Nikolas Galitzin, Kamila Mendes, Idris Elba, Ali Brison, Morena Bakkarin, Jared Leto ýaly «Hollywood»-yň belli artistleri dürli keşpleri ýerine ýetirýärler. He-Man-yň täze başdan geçirmeleri esasyndaky bu filme Trawis Naýt režissýorlyk edip, ekran eseri 6-njy iýunda prokata çykarylar. Film ýylyň iri taslamalarynyň biri bolup, onuň býujetiniň 200 million amerikan dollaryna golaý bolmagyna garaşylýar.
«Moana»
«Disney» studiýasynyň soňky ýyllarda animasiýalary janly filme öwürmek däbi ýokary depginde dowam edip, şu ýylyň paýyna hem «Moana» filmi düşýär. Tomas Kailiň režissýorlyk etjek kinosynda Katerine Laga’aia, Dweýn Jonson, Jon Tui, Franki Adams ýaly artistler surata düşerler. Film 10-njy iýulda ekranlara çykar.
«Mutiny»
Triller we ekşn görnüşdäki filmleriň ussat aktýory Jeýson Stetham bu ýyl hem öz güýjüni görkezer. Ol Žan-Fransua Rişeniň «Mutiny» atly filminde baş keşbi ýerine ýetirer. 21-nji awgustda ekranlara çykjak filmde Anabelle Wallis, Jeýson Won hem surata düşer.
«The Dog Stars»
«Gladiator», «Jennetiň şalygy», «Napoleon» ýaly filmleriň halypa režissýory Ridli Skottuň nobatdaky kinosy «The Dog Stars» diýlip atlandyrylýar. 28-nji awgustda ekranlara çykmagyna garaşylýan filmde Jeýkob Elordi, Margaret Kualli, Joş Brolin, Gaý Piers, Benedikt Won ýaly «Hollywood»-yň tanymal artistleri surata düşýärler. Ylmy-fantastik görnüşdäki kino «post-apocalyptic» wakalar barada bolup, ol Piter Halleriň romany esasynda ekranlaşdyrylar.
«How to Rob a Bank»
Mundan öň biri-birinden uruşly filmleri ekranlaşdyran belli režissýor Dewid Leitç özüniň karýerasyna şol görnüşdäki ýene bir kinony goşar. «Amazon MGM Studios»-yň önümi bolan filmde Maýkl Gandolfini, Nikolas Holt, Anna Sawai, Zou Krawits, Renzi Feliz, Kristian Sleýter, Jon Si. Reilli ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýarlar. Film 4-nji sentýabrda ekranlara çykarylar.
«The Social Reckoning»
Amerikan kinematografiýasynyň ussat ssenariçilerinden, şol sanda režissýorlyk hem edýän Aaron Sorkiniň täze filmi «Sosial hasaplaşyk» bolup, onda Jeremi Strong, Jeremi Allen Waýt, Maýki Medison, Bill Burr, Gbenga Akinnagbe ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýärler. 9-njy oktýabrda ekranlara çykaryljak film «Columbia Pictures»-iň önümidir.
«Other Mommy»
«Universal» studiýasynyň başga bir kinosy «Başga eje» filminde baş keşpleri oskarly aktrisa Jessika Çesteýn, şol sanda Jeý Duplass hem-de Karen Allen janlandyrýar. 9-njy oktýabrda ekranlarda peýda boljak filme Rob Sawaj režissýorlyk edýär.
«Madden»
Oskaryň dalaşgäri, ussat režissýor Dewid O. Rasselliň amerikan futboly boýunça meşhur tälimçi hem-de kommentator Jon Madden baradaky täze kinosynda Nikolas Keýj, Kristian Beýl, Katrin Han, Jon Mulani, Sienna Miller ýaly tanymal artistler çykyş edýärler. «Amazon MGM Studios»-yň önümi bolan film 26-njy noýabrda ekranlara çykar.
PDF






