Geçen aýyň ahyrynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň sammiti (COP17) geçirildi. Maslahatda ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we guraklyga garşy göreşmek maksady bilen, 23 sany “ýaşyl” taslama 1,3 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini gönükdirmek barada ylalaşyldy. Halkara maslahatda topragyň degradasiýasyna garşy göreşmek boýunça täze global gazna döredildi we bilelikdäki anyk ädimler bellenildi.

Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň gury ýerleriniň, takmynan, 40 göterimi çölleşmäge sezewar bolup, bu ýagdaý dünýäde 3,2 milliard adamyň durmuşyna gönüden-göni täsir ýetirýär. Bu global mesele Mongoliýa üçin has-da ýiti häsiýete eýedir: ýurduň çäkleriniň 77 göterimi çölleşmeden ejir çekýär, Aziýada we Hytaýda ýerleşýän Gobi çöli bolsa yzygiderli giňelýär. Şu ýagdaýlary nazara alyp, 197 agza ýurduň wekilleri Kongresiň çäginde anyk amaly çözgütleri işläp düzmek maksady bilen bir ýere jemlendiler. Duşuşyga Bütindünýä bank toparynyň, Aziýa we Afrika ösüş banklarynyň wekilleri gatnaşyp, hökümet ýolbaşçylary bilen netijeli gepleşikleri geçirdiler.

Sammitiň esasy netijeleriniň biri hem guraklyga garşy durnuklylygy ýokarlandyrmaga we oňa öňünden taýýarlyk görmäge gönükdirilen ilkinji global katalizator maliýeleşdiriş platformasynyň döredilmegi boldy. Bu täze platformanyň üsti bilen 400 million dollara çenli goşmaça serişde çekmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, taryhda ilkinji gezek şäher häkimleriniň gatnaşmagynda duşuşyk guralyp, olarda şäherleriň we bütin ýerli häkimiýet edaralarynyň bu ekologik çözgütleri durmuşa geçirmegine işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy bellenildi.