24-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda hem-de ylmy esasda ekin dolanyşygyny alyp barmak maksady bilen, jemi 1 million 414 müň 980 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleri ýerleşdiriler. 106 müň gektar meýdanda gök-bakja ekinleri ekiler.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ilatyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.
Saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler
Soňra wise-premýer daşky gurşawyň goralmagyny hem-de ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe görkezmeleri berdi.