1-nji dekabrda Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni giňden bellenilýär. Ýurdumyzda hem bu senä bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär. Bu barada adamlaryň habardarlygynyň ýokarlanmagy maksady bilen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mekdeplerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, harby bölümlerde, saglygy-goraýyş işgärleriniň arasynda, raýatlaryň işleýän we dynç alýan ýerlerinde «AIDS-e garşy birleşeliň!» diýen şygar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, medeni-sport çäreleri geçirilýär.
Keseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda özlerini goramak endiklerini öwretmek, olary dogry maglumatlar bilen habarly etmek bu ýokanjyň öňüni almakda uly orun tutýar. Köp adam AIW we AIDS şol bir zat diýip düşünýärler. Bu ýalňyşdyr. AIW adamyň immun ýetmezçilik wirusydyr, ol adam bedenine düşenden soňra, adamyň immun ulgamy dikeldip bolmajak derejede zeperlenýär. Her bir adam keseliň geçiş ýollaryny bilmek bilen özüni bu keselden gorap biler, ol biziň özümizi alyp barşymyza, edýän hereketlerimize gönüden-göni baglydyr.
Keseliň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, maşgala lukmanynyň berýän maslahatlaryny berjaý etmek zerurdyr.
Aýgül Babaýewa,
Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň öňüni alyş bölüminiň lukmany.
PDF









