1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara Ýaşulular güni diýip kesgitledi. Bu ädim 1982-nji ýyldaky Bütindünýä mejlisinde garrylyk boýunça ylalaşylan we şol ýyl BMG Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Wena garrylyk hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi bilen amala aşyryldy.
Soňky onýyllygyň dowamynda dünýä ilatynyň düzümi düýpgöter üýtgedi. 1950-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli dünýädäki ömrüň dowamlylygy 46 ýyldan 68 ýyla çenli ýokarlandy we şu asyryň ahyryna çenli 81-e ýetmegine garaşylýar. Häzirki wagtda 60 we şondan ýokary zenanlaryň sanynyň degişli ýaşdaky erkekleriň sanyndan 66 milliondan geçendigini bellemek bolar. 80 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň arasynda aýallar erkeklerden iki esse köpdür.
Dünýäde 60 ýaşdan uly bir milliard töweregi adam bar. 60 ýaşdan uly adamlaryň sanynyň 2017-nji we 2030-njy ýyllar aralygynda 46 göterim ýokarlanyp, 962 milliondan 1,4 milliarda ýeter.
Ýaşulularyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär. Ata Watanymyzda ýaşuly adamlaryň sarpasynyň belent tutulyp, olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly adamlaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri häli-şindi ýaş nesillere ýetirilip durulýar. Bu bolsa, ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.