“Toyota” kompaniýasynyň “Yaris” modeli “Corolla”, “Camry”, “RAV4”, “Hilux” we “Land Cruiser” ýaly 10 milliondan köp satylan ulaglaryň hataryna goşuldy. Kiçi göwrümli bu model pandemiýadaky bökdençliklere garamazdan, köp mukdarda öndürilip, müşderilere ýetirildi. Ýapon kompaniýasynyň bellemegine görä, birnäçe baýraga mynasyp bolan “Yaris”-iň häzirki wagtda dördünji nesli öndürilýär. Geçen ýyl çykarylan SUV görnüşli “Yaris Cross” daşky şekili babatda müşderileriň ýokary isleginden peýdalandy. Ilkinji nusgasy 1999-njy ýylda çykarylan ulagdan häzire çenli Ýewropa ýurtlarynda jemi 5 million 155 müňden gowragy satyldy. Şeýle hem geçen ýyl Ýewropada satylan “Toyota”-laryň üçden birinden gowragyny “Yaris” emele getiripdir. “Yaris” brendi diňe Ýewropada däl, eýsem, dünýäde hem iň halanýan ulaglaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda bu model Ýaponiýa bilen bir hatarda Braziliýa, Hytaý, Taýwvan, Indoneziýa, Malaýziýa, Pakistan, Tailand, Fransiýa we Çeh Respublikasy döwletlerinde öndürilýär.
Modeliň Ýewropadaky önümçiligi 2001-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar. Häzire çenli “Toyota”-nyň Ýewropa döwletlerindäki önümçilik merkezlerinde 4,6 milliondan gowrak “Yaris” öndürildi.
Çynar Baýramowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









