Hytaýyň “Alibaba Group Holding” kompaniýasy alty sany garaşsyz bölümi döretmek arkaly işini üýtgedip gurmagy meýilleşdirýär. Bölek söwda bilen meşgullanýan kompaniýanyň ýolbaşçylary işgärlerine “Alibaba”-nyň düzüminde “Cloud Intelligence Group” internet toparynyň, onlaýyn-söwda ulgamynyň çäginde “Taobao-Tmall” toparynyň, “Cainiao” logistika toparynyň, Hytaýda dürli hyzmatlar boýunça işewürlik toparynyň (“Local Services”) we ählumumy sanly işewürlik toparynyň (“Global Digital Business Group”), şeýle hem sanly metbugat ulgamynda we güýmenje pudagynda işleýän bölümleriň boljakdygy barada hat iberdi. Kompaniýanyň paýnamalarynyň biržada satylmagyna hem garaşylýar.
Her bölümiň öz direktorlar geňeşi we garaşsyz býujetleri bolar. Mundan başga-da, olaryň paýnamalaryň deslapky ýerleşdirilişi barada çözgüt kabul edip biljekdikleri bellenilýär.
Holding kompaniýasynyň başlygy Deniel Çžan öz wezipesinde galar we internet bölümine ýolbaşçylyk eder. Halkara söwda müdiri Szýan Fan ählumumy sanly işewürlige, Trudi Daý bolsa onlaýn-söwda bölümine sereder.
Aýnur Berdibaýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
PDF









