Käbir adam reňkleriň käbir öwüşginlerini saýgaryp bilmeýär. Konçetta Antiko atly suratkeş bolsa, hemmelerden has köp reňki saýgarýar. Suratkeş zenanyň 100 million reňki tapawutlandyryp bilýändigi anyklandy. Adatça, adamlar bir million reňki görüp bilýärler. Sungat ussady bu ukybyny öz çeken suratlaryny çagalara görkezýän wagty aňypdyr. Özüniň bu ukybyndan şübhelenen zenan 2010-njy ýylda Kaliforniýa ştatynyň San-Diegoda şäherinde okuwçylaryna sapak berýän wagty olardan iki suratyň arasyndaky reňk tapawudyny görüp görmeýändiklerini sorapdyr. Okuwçylardan 12-si Antiko üçin tapawutly bolan reňkiň tapawutly däldigini aýdypdyr. Şondan soňra beýleki adamlardan has köp reňki görýändigine göz ýetiripdir. Gözdäki fotoseptor öýjükleri şöhläniň tolkun beýikliklerini özüne çekip, beýnä geçirýär. Şeýlelikde, göz tapawutly reňkleri görýär. Antikonyň gözünde fotoseptor öýjüginiň köpdügi anyklanypdyr. Muny Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri ýüze çykarypdyrlar. Adatça, her adamyň gözünde üç sany fotoseptor öýjügi bolýan bolsa, Antikoda 4 sanysy bar eken.