Awst­ra­li­ýa­ly alym­lar 2019-njy ýyl­da ta­py­lan mer­je­niň 100 mil­li­on ýyl­lyk­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar. Şol ýyl Kwins­lend şta­tynyň Riç­mond se­bi­tin­dä­ki Kro­no­zawr Kro­na mu­ze­ýi­niň ga­zuw-ag­ta­ryş meý­dan­ça­syn­da iş­le­ýän meý­le­tin­çi sy­ýa­hat­çy ga­dy­my mer­je­niň ga­lyn­dy­sy­ny tap­dy. Kwins­lend uni­wer­si­te­tin­de zäh­met çek­ýän pa­le­on­to­log Gre­go­ri Webb ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ulu­ly­gy
2 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan mer­je­niň 100 mil­li­on ýyl­lyk­dy­gy­ny anyk­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Ýa­şy anyk­la­nan­dan soň­ra, mer­jen Kro­no­zawr Kro­na mu­ze­ýin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip baş­lan­dy.

Ta­wus GÜÝ­JO­WA,
Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň Agzybirlik geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.