Tennis boýunça Şweýsariýada geçirilen Ženewa Açyk ATP 250” ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiji boldy. Golaýda 38 ýaşyny dolduran Jokowiç finalda polşaly Hubert Hurkaçy 3 setde 5:7, 7:6, 7:6 hasaplar bilen ýeňen Jokowiç karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Jokowiç 100 ýeňşe ýeten 3-nji tennisçi bolup, ondan öň Jimmi Konnors (109) bilen Rojer Federer (103) bar. Şeýle-de, Jokowiç bassyr 20 ýylyň dowamynda azyndan 1 ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Tennise degişli ençeme rekordyň eýesi bolan Jokowiç ilkinji çempionlygyny 2006-njy ýylda gazandy. Geçen ýyly 1 ýeňiş bilen tamamlan Jokowiç 2015-nji ýylda 11 bäsleşikde çempion bolmagy başardy. Jokowiç 24 “Uly tuwalga” gazanyp, bu ugurda öňde barýar.

Bellik: surat Eurosport.com-dan alyndy.