Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy Gurbantäç Alyýewa 100 ýaşy arka atdy. Bu barada ýurdumyzda neşir edilýän “Balkan” gazeti habar berýär.

Golaýda il içinde Älem daýza ady bilen tanalýan 100 ýaşly zenan ýubileý toýuny belledi. Oňa welaýat hem-de etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan ýatdan çykmajak sowgatlar gowşurylyp, saglyk we uzak ömür arzuw edildi.

Bu gujurly zenan ýaşlygyndan durmuşyň agyr öwrümlerine döz gelmeli bolýar. Ol Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary kynçylykly ýyllara we gazaply urşa gabat gelse-de, ruhdan düşmän deň-duşlary bilen güýjüniň ýetdiginden zähmet çekýär. Älem daýza çagalykdan işjeň durmuş ýörelgesine öwrenişendigini aýtdy. Ol  dokma dokamak, keçe basmak, tikin tikmek, jorap örmek, şol sanda nahar bişirmek ýaly işleriň özüne gujur-gaýrat berýändigini belledi.

– Ýaş wagtymyz bir döwüm çörek üçin gijämizi gündiz edip işlärdik. Adamym bilen gündiz mal-garanyň yzynda gezerdik, ekin-tikin işlerine-de ýetişerdik. Iňrik garalanda öýe dolanardyk, gijäniň bir wagtyna çenli öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdim, ellikdir jorap örerdim. Şol gowgaly günlerde her kim bu günki iýjegini tapsa ertiri gaýgydyr. “Ikinji jahan urşynyň galagoply ýyllaryny başdan geçirseňem tüweleme, uzak ýaşa ýetipsiň” diýýänlerem bar. Hakykatda meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar. Doganlarymyň hem 90 ýaşdan geçenleri bar.

Uzak ýaşamagyň syry barada aýtsam, ozaly bilen hemişe işjeň hereketde bolmaly. Şeýle-de şähdaçyklyk, gowy uky we dürs iýmitlenmek saglygyňy berkidip, ömrüňi uzaldýar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu meniň durmuş endigime öwrüldi. Häzirem 100 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Aýratynam, ýaş gyz çowluklarymyň golaýymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar – diýip, bir asyry arka atan ene “Balkan” gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Häzirki wagtda bu zenan hemişe ömre ömür goşýan söýgi we alada bilen gurşalan. Agzybir maşgala baş bolup oturan mährem ene özüniň 10 çagasyny, 38 agtygyny, 83 çowlugyny, 10 ýuwlugyny özüniň iň naýbaşy gymmatlygydygyny, olaryň hemişe özüne ruhy goldaw berýändigini aýtdy.