Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bü­tin dün­ýä­de ýaşy bir asyr­dan geçenleriň sa­ny 630 müň tö­we­re­gi. 100 ýaş­ly­la­ryň köp ýa­şa­ýan ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da Ýa­po­ni­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 100 ýa­şyn­dan ge­çen­le­riň kö­pü­si dün­ýä­niň 10 ýur­dun­da ýa­şa­ýar. Azi­ýa, Ýew­ro­pa we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ýer­leş­ýän bu ýurt­lar yk­dy­sa­dy gir­de­ji, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my, däp-des­sur­la­ry we ýa­şa­ýyş en­dik­le­ri ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­de 100 ýaş­ly­la­ryň bäş­den bi­ri (123 müň adam) Ýa­po­ni­ýa­da ýa­şa­ýar. Ýurt­da or­ta­ça ýaş hem ýo­ka­ry – zenanlar 88, er­kek­ler 82 ýa­şa­ýar.
ABŞ-da bol­sa, 74 müň ada­myň ýa­şy 100 ýa-da on­dan ýo­ka­ry. Hy­taý­ly­lar hem uzak ýa­şa­ma­gy bi­len köp ýyl­lar­dan bä­ri bel­li­dir. Bu ýurt­da 49 müň tö­we­re­gi adam azyn­dan bir asyr ýa­şap­dyr. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan­da 38 müň adam 100 ýaş­dan ge­çip­dir. Fran­si­ýa, Gre­si­ýa we Ita­li­ýa hem uzak ýaş­ly­la­ryň ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Bu Ýew­ro­pa ýurt­la­ry ila­tynyň sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da, 100 ýaş­ly­la­ryň has köp ýa­şa­ýan ýurt­la­ry ha­sap­lan­ýar. Gon­kong­da 100 müň adam­dan 133-i 100 ýa­şy­ny ge­çen bol­sa, Ýa­po­ni­ýa­da 100 müň adam­dan 100 adam 100 ýa­şyn­dan ge­çip­dir. Ni­der­land­la­ryň de­mog­ra­fi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri, uzak ýaş­ly­la­ry öw­ren­ýän pro­fes­sor Sol­weýg Kan­nin­gem Ýa­po­ni­ýa­nyň sa­na­wyň ba­şyn­da­dy­gy­na ün­si çe­kip, mu­nuň esa­sy se­bä­bi­niň iý­mit­len­mek en­di­gi we sag­dyn ýa­şa­mak üçin ge­rek­li şert­le­riň bol­ma­gy bi­len bag­ly­dy­gy­ny belleýär.
Bi­ler­men­ler uzak ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry­ny öw­ren­me­gi do­wam ed­ýär­ler. Em­ma luk­man­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä sag­dyn ýa­şa­ma­gyň düz­gü­ni örän ýö­ne­keý – yzy­gi­der­li maşk et­mek, sag­dyn iý­mit­len­mek, wag­tyn­da be­jer­gi al­mak, kadaly ukyňy almak, tem­mä­ki önüm­le­rin­den we al­ko­gol­ly iç­gi­ler­den daş dur­mak.