Ýaponiýanyň «Toyota Motor» kompaniýasy 2024-nji ýylda jemi 10,3 million ulag öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Toyota Motor» kompaniýasynyň awtoulag şaýlaryny üpjün edýän kompaniýalara ugradan hatynda bellenilýär. Bu maksada ýetilen ýagdaýynda kompaniýa öz taryhyndaky rekordy täzelär. Awtoulag öndürijisi çip üpjünçilik meselesiniň azaljakdygyny we gibrid ulaglara islegiň artmagynyň bu maksada ýetmäge ýardam etjekdigini belleýär. Önümçilik maksatnamasy «Toyota» hem-de «Lexus» brendlerine degişli ulaglary öz içine alýar. Ýapon brendiniň garamagyndaky «Daihatsu» brendine degişli modeller bu meýilnama girizilmändir.
Köp ýyldan bäri dünýäniň iň köp awtoulag öndürijisi bolup gelýän «Toyota» geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9,23 million ulag öndürendigini mälim edipdi. Kompaniýanyň golaýda şu ýylyň dowamynda näçeräk ulag öndürendigi baradaky maglumaty ýaýratmagyna garaşylýar.
Ilýas BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









