1912-nji ýyl­da ba­tan Ti­ta­nik gä­mi­sin­den ga­lan jü­bi sa­ga­dy 1,78 mil­li­on funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Isi­dor Straus at­ly ýo­lag­ça de­giş­li bolan sa­ga­t hä­zi­re çen­li onuň maş­ga­la ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ne­sil­me-ne­sil sak­la­nyp ge­lipdir. Sa­ga­dyň di­li pa­jy­ga­nyň bo­lup ge­çen wag­ty bo­lan 02:20-de du­rup ga­lyp­dyr. Al­tyn sa­ga­dy Ida Straus ýan­ýol­da­şy­na 1888-nji ýyl­da 43 ýa­şy dolan­da, dog­lan gü­nü­ne sow­gat alyp be­rip­dir. Sa­ga­dyň ýü­zü­ne onuň adynyň we familiýasynyň baş harp­la­ry oýu­lyp ýa­zy­lyp­dyr.
Lon­don­da ge­çi­ri­len auk­si­on­da bu gä­mi­den ga­lan baş­ga-da bir­nä­çe zat­ sa­tyl­dy. Ola­ryň ara­syn­da Ida Strau­syň «Ti­ta­nik» ýaz­gy­ly ka­gy­za ýa­zan ha­ty 100 müň funt ster­lin­ge, ýo­lag­çy­la­ryň sa­na­wy 104 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy.

Aýjan SAPAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.