12 aýdan soň Parižde ýene-de uly baýramçylyk

2

UEFA Çempionlar Ligasynda 2025/26 möwsüminiň çempiony ýene-de PSŽ boldy. Dünýä ýyldyzlary bilen gazanyp bilmedik kubogyny 2-nji gezek alan parižliler finalda “Arsenaly” penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar etdi. 61 müň 35 jänköýeriň tomaşa eden oýunda germaniýaly Daniel Sibert jürlewük çaldy.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arena-da oýnalan finala londonlylar erjel başlady. Eýýäm 6-njy minutda Kai Hawerts çep gyradan gurnalan hüjümde batly urgy bilen hasaby açdy. Bu onuň Çempionlar Ligasynyň final duşuşyklarynda geçiren 2-nji goly bolup, ol 2021-nji ýylyň finalynda “Çelsiniň” ýeke-täk pökgüsini derwezä girizipdi. Ol finalda 2 dürli topar bilen gol salan 4-nji futbolçy bolmagy başardy.

Parižliler Hawertsiň oýnuň ilkinji minutlaryndaky goluna 2-nji ýarymyň başlarynda jogap berdi. Duşuşygyň 56-njy minutynda Kwarasheliýanyň garşysyna gödeklige ýol berleni üçin bellenen penaltini Usman Dembele dürs urup, hasaby deňledi.

Galan minutlarda PSŽ Kwarasheliýa, Barkola bilen 2-nji gola golaýlasa-da hasap üýtgemedi we oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy.

Goşmaça wagtda-da o diýen howply we ýatda galyjy pursatlar bolmady. Netijede, ýeňijini kesgitlemek penalti urgularyna galdy. Bu urgularda-da “Arsenalyň” 2, PSŽ-niň 1 futbolçysy ýalňyşlyk goýberdi. Londonlylarda Eze bilen Gabriel, parižlilerde Nunu Mendeşiň urgulary takyk bolmady. PSŽ-de Ramuş, Due, Hakimi, Beraldo, “Arsenalda” Gýokereş, Raýs hem-de Martinelli dürs ýerine ýetirdi.

“Realdan” soň PSŽ

Şeýlelikde, 4-3 hasabynda üstün çykan PSŽ bassyr 2-nji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi boldy. Parižliler “Real Maddridden” soň muny başaran 2-nji, umumylykda-da 9-njy klub hökmünde hasaba alyndy. Şol sanda Luis Enrike bu kubogy yzly-yzyna alan 2-nji ispan tälimçisi bolup, ondan öň 1956-57-nji ýyllarda Hose Wilýalonga gazanypdy. Luis Enrike umumylykda yzly-yzyna 2 gezek gazanan 11-nji tälimçi bolmagy başardy. Bu onuň 3-nji Çempionlar Ligasy kubogy bolup, ispaniýaly hünärmen şu görkeziji boýunça Karlo Ançelotti (5), Bob Baýsly, Zinedin Zidan, Pep Guardiola dagynyň hataryna adyny ýazdyrdy.

PSŽ bu ýaryşda 2 gezek çempionlyk gazanan 14-nji topar bolmagy başardy. PSŽ geçen ýylyň 31-nji maýynda çempionlyk gazanypdy.

PSŽ şu möwsümde 45-nji goluny geçirip, “Barselonanyň” rekordyny gaýtalady (1999/2000).

12-nji gezek ýeňiji penaltileriň netijesinde kesgitlendi.

Finalyň iň ökde oýunçysy diýlip, Witinýa saýlandy.

“Arsenal” ýene-de ýeňildi

Finala çenli ýeňilmän gelen “Arsenal” şu möwsümde ilkinji gezek utuldy. Möwsümiň dowamynda 7 gol (3-si penaltiden) geçirden “Arsenala” 2-nji gezek finalda ýeňiş gazanmak başartmady. “Arsenal” topary “Atletikodyr” (3 final) “Reýms” hem-de “Walensiýadan” soň azyndan 2 gezek finalda utulan çempionlygy bolmaýan 4-nji klub hökmünde bellige alyndy. Umumylykda “Arsenal” UEFA-nyň ýaryşlarynda 6-njy gezek finalda utulyp, entek olara ýeke çempionlyk hem nesip etmedi.

PSŽ: Safonow; Hakimi, Markinios (Zabarnyý 106), Paço, Nunu Mendeş; Fabian Ruiz (Zair-Emeri 95), Witinýa Lukas Beraldo 106), Žoao Neweş; Due, Dembele (Gonsalu Ramuş 90+6), Kwarasheliýa (Barkola 83)

ARSENAL: Raýa; Moskuera (Timber 66), Saliba, Gabriel, Hinkapie; Raýs, Lýuwis-Skelli (Zubimendi 91); Saka (Madueke 83), Edegor (Gýokereş 67), Trossar (Martinelli 83); Hawerts (Eze 91)