Kanadanyň Nowa Skotiýa sebitinde ýaşaýan Endi Kampbelliň 1985-nji ýylda öndürilen “Toyota Tercel” ulagy 1 million 253 müň kilometr ýol geçipdir. Bu görkeziji Aýa gidip gelip, ýene-de yzyňa giden ýaly aralyga deň. 40 ýyllyk maşyn bökdençsiz işleýär. Ulagyň ýeke-täk kemçiligi geçen ýoluny görkezýän görkezijiniň iň köp 999 müň 999 kilometr bolmagy. Ýagny ulagyň spidometri 1 million kilometre 1 kilometr ýetmänkä doňup galypdyr. Emma ulagyň spidometri 2017-nji ýylyň sentýabrynda bir aýlaw edeninden bäri ýene-de 253 müň kilometrden gowrak ýol geçipdir. Kampbell muny subut etmek üçin düşüren suratyny ulagynda saklaýar. Kampbell bu ulagy 1990-njy ýylda 2 müň 500 kanada dollaryna satyn alypdyr. Şol wagt ulag 125 müň kilometr ýol geçen eken. Ol şol ýyllar bu ulagy bilen her gün işe gatnamak üçin 120 kilometr ýol geçipdir. Pensiýa çykandan soňra bolsa, gündelik işleri üçin bu ulagyny münýär. Ulag şeýle gowy saklanypdyr, onuň daşky şekili abat görünýär. Kampbell gyşyna gar ýagynda hem ulagyny sürýändigini belleýär.
Häzire çenli ulagyň tas ähli bölegi diýen ýaly çalşylypdyr, diňe gabarasy çalşylmandyr. Ulaga köplenç, Kampbelliň özi seredýär. Onuň howlusynda ätiýaçlyk şaýy üçin üç sany köne “Tercel” bar. Kampbell ulagynyň ýagyna-suwuna wagtly-wagtynda seredýändigini, şol sebäpli uzak ýyllardan bäri ulanýandygyny aýdýar. Ol ulagyň poslap biläýjek ýerlerini ýaglap durýar.
Şeýle-de bolsa, ulagy uzak wagtlap ussa bermeli bolan ýagdaýynda, Kampbelliň “täze” ulagy hem bar – 1986-njy ýylda öndürilen başga bir “Tercel”.
Kampbelliň arzuwy bu ulagy bilen 2 million kilometr ýol geçmek. Emma 82 ýaşly Kampbell “Onça ýaşap ýaşamajagymy bilemok, ýöne synanyşyp görjek” diýip belleýär. Ol ulagyny başga islendik maşyn bilen çalyşmajakdygyny aýdyp, “Isleseňiz “Cadillac” ýa-da “Rolls Royce” getiriň, şonda-da ulagymy çalyşjak däl!” – diýip ömrüniň uly bölegine bile geçiren “Toyota”-syna wepalydygyny aýdýar.