Hin­dis­ta­nyň Noi­da şä­he­rin­de ýa­şa­ýan 14 ýaş­ly Dakş Ma­lik ozal ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk as­man ji­si­mi­ni tap­dy. 9-njy synp­da oka­ýan Ma­lik bir ýa­rym ýyllap ge­çi­ren göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Mars bi­len Ýu­pi­te­riň ara­ly­gyn­da­ky as­te­ro­id gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýän as­te­roi­di tap­dy. Wagt­la­ýyn­ça «2023 OG40» diý­lip at­lan­dy­ry­lan as­te­roi­de NA­SA ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra he­mi­şe­lik at ber­ler. Bu ady bol­sa Ma­lik saý­lar.
«Shiv Na­dar» at­ly mek­dep­de oka­ýan Ma­lik ki­çi­li­gin­den bä­ri as­man ji­sim­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp, do­ku­men­tal gep­le­şik­le­re to­ma­şa ed­ýän eken. 2022-nji ýyl­da Ma­lik we onuň synp­daş­la­ry Hal­ka­ra Ast­ro­no­mik bar­lag hyz­mat­daş­ly­gy (IASC) mak­sat­na­ma­sy­na gat­na­şyp­dyr. Bu mak­sat­na­ma okuw­çy­la­ra we beý­le­ki is­leg bil­dir­ýän­le­re NA­SA-nyň mag­lu­mat­la­ry­ny sel­jer­mä­ge we bar bo­lup bil­jek as­man ji­sim­le­ri­ni göz­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän eken. Ma­lik bir­nä­çe wagt göz­leg iş­le­ri­ni ge­çi­ren­den soň­ra as­man ji­si­mi­niň üs­tün­den ba­ryp­dyr.

Döw­ran NE­PE­SOW,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň terbiýeçisi.