Şwesiýaly ýeňil atletikaçy, syrykly bökmegiň ägirdi Armand Duplantis 15-nji gezek Dünýä rekordyny täzeledi. Olimpiýa oýunlarynyň 2 gezek çempiony Duplantis Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilen gala görnüşdäki “Mondo Classic” bäsleşiginde, üsti ýapyk desgada 6,31 metr beýiklige syrykly böküp, özüne degişli rekordy ýokarlandyrdy. Bu onuň şu ýylky ilkinji, karýerasy boýunça-da 15-nji Dünýä rekordy boldy.

Tokio hem-de Pariž Olimpiadalarynyň çempiony, 26 ýaşyndaky Duplantis mundan soňky rekordyny geçen ýylyň sentýabr aýynda 6,30 metr beýiklige böküp täzeläpdi.

Dünýäniň hem-de Ýewropanyň 3 gezek çempiony Duplantis geçen ýyl öz rekordyny 4 gezek täzelemegi başardy.