Fransiýaly derwezeçi Stiw Mandanda 15 ýyllap çykyş eden kluby “Marselden” gaýtdy. 37 ýaşyndaky derwezeçi Fransiýanyň başga bir kluby “Renniň” düzümine goşuldy. Ol täze kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2007-nji ýyldan bäri “Marseliň” esasy düzüminde çykyş edip gelýän Mandanda 613 gezek meýdança çykdy. Mandanda 2016/17 möwsüminde “Kristal Palasda” hem oýnady. Mandanda Fransiýanyň milli ýygyndysynda-da 34 duşuşyk geçirdi.

Horwatiýaly tälimçi Igor Tudor “Marsel” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Şeýle-de, “Marsel” topary transfer meselesi boýunça düşünişmezlikden soň argentinaly tälimçisi Horge Sampaoli bilen ýoluny aýrypdy. Topar onuň ornuna horwatiýaly geçen möwsüm “Serie A”-da “Hellas Werona” tälim beren Igor Tudor bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Marsel” Sampaoliniň tälimçiliginde çempionaty 2-nji orunda tamamlapdy.