130 ýyllyk taryhy bolan kino sungatynda her ýyl bolşy ýaly, 2026-njy ýylda-da ençeme filmler ekranlara çykar. Edil geçen ýyllardaky ýaly, ýene-de ozalky ekran eserleriň dowamy bolan kinolar, edebiýat eserleri esasynda surata düşürilenler, meşhur režissýorlaryň täze taslamalary, animasiýalar, edebi eserlere esaslanmaýan ssenarilere salgylanylanlar, gaýtadan ekranlaşdyrylanlar we ş.m. görnüşdäki filmler 2026-njy ýylda kinoteatrlaryň, şol sanda platformalaryň tekjelerini bezär. Bilermenleriň pikirine görä, 2025-nji ýylda juda şowly filmler çykdy. 2026-njy ýylda çykjak filmler geçen ýylkylardan hem has gowy bolar diýip, tama edýänleriň sany köp. Täze ýylda, esasan hem, fantastik we ylmy-fantastik görnüşdäki filmler öňe saýlanýar. Käbir meşhur režissýorlaryň filmleriniň bir ýyla gabat gelmegi-de kino muşdaklaryny şu wagtdan tolgundyrýar. Şeýle-de, ýylyň iň köp garaşylýan 5-6 filminiň ikisiniň bir günde prokata çykmagy täze aýtgy döretdi. Ýagny ýylyň ahyrynda, hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Avengers: Doomsday» filmi bilen «Dune: Part Three» filminiň bir günde, has takygy, 18-nji dekabrda kinoteatrlara goýberiljekdigi «Dunesday» diýen sözüň döremegine sebäp boldy.
Mundan öň 2023-nji ýylda «Oppenheimer» bilen «Barbie» kinolarynyň bir günde ekranlara çykmagyndan soň «Barbenheimer» diýen söz döräpdi. Iki film hem prokatlardan ep-esli girdeji toplapdy.
«Dunesday» adalgasynyň hem iki filme-de, esasan hem, «Avengers: Doomsday» kinosyna prokatlarda has uly üstünlik getirmegine garaşylýar. Käbir çeşmelerde «Dune: Part Three» filminiň ekranlara çykjak gününiň üýtgedilmegine garaşylýandygy hem bellenilýär.
«28 Years Later: The Bone Temple»
2002-nji ýylda ussat režissýor Denni Boýl tarapyndan «28 günden soň» filmi bilen başy başlanan bu seriýanyň 4-nji we häzirlikçe iň soňky kinosyna Nia DaKosta režissýorlyk edýär. Ýanwar aýynda görkeziljek filmde baş keşbi Raýf Faýnes ýerine ýetirýär.
«Wuthering Heights»
Ozalam telim gezek ekranlaşdyrylan Emili Bronteniň meşhur eseri esasyndaky täze filmde bu gezek kameranyň arkasyna zenan režissýor Emeral Fennell geçýär. Filmde häzirki zamanyň meşhur 2 ýyldyzy – Margo Robbi bilen Jeýkob Elordi baş keşpleri ýerine ýetirýär. «Warner Bros.» studiýasynyň önümi bolan film 13-nji fewralda ekranlara çykar.
«The Bride»
Aýratynam, kinotankytçylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan filmleriniň biri bolan «Gelin» kinosyna tanymal aktrisa Meggi Jillenhol režissýorlyk edip, bu ekran eseri Frankenşteýn temasyna degişlidir. Meggi Jillenholyň ikinji režissýorlyk işi bolan filmde Jessi Bakli, Kristian Beýl, Piter Sarsgaard, Penelope Kruz, Annette Benning hem-de režissýoryň jigisi Jeýk Jillenhol dürli keşplerde surata düşýär. Film 6-njy martda prokatlara goýberiler.
«Project Hail Mary»
Fil Lord bilen Kris Milleriň bilelikde režissýorlyk etjek bu filminde baş keşpler Raýan Gosling bilen Sandra Hüllere tabşyryldy. Ylmy-fantastik görnüşdäki filmiň ekranlara çykjak wagty 20-nji mart diýlip bellenildi.
«The Drama»
Soňky ýyllarda önümçiligindäki filmler bilen öňe saýlanýan «A24» studiýasynyň garaşylýan täze kinosy «Drama» diýlip atlandyrylýar. Kristoffer Borgliniň režissýorlygyndaky kino 3-nji aprelde prokatlara çykyp, onda Zendeýa bilen Robert Pattinson baş keşpleri janlandyrýar.
«Michael»
Aslynda, geçen ýyl ekranlara çykmaly edilen, ýöne käbir sebäplere görä, şu ýyla geçirilen «Maýkl» filmi 24-nji aprelde kinoteatrlarda görkezilip başlanar. Popuň şasy hasaplanýan merhum Maýkl Jekson baradaky filme ussat režissýor Antuan Fukua režissýorlyk edýär we ekran eserinde baş keşbi Maýkl Jeksonyň ýegeni Jaafar Jekson ýerine ýetirýär.
«The Devil Wears Prada 2»
Ilkinjisinden 20 ýyl soň ekranlara çykjak «Şeýtan Prada geýýär 2» filmi kino muşdaklaryny tolgundyrýan eserleriň biri bolup, ol 1-nji maýda prokatlarda ornuny tapar. Moda älemine täzeçe garaýyş getiren filmde ýene-de Meril Strip, Enn Heteweý, Emili Blant, Stanli Tukki, Kennet Brana ýaly 1-nji kinoda-da çykyş eden artistler esasy keşpleri janlandyrýar. Filmiň režissýory-da üýtgemedi we Dewid Frankl ýene-de kameranyň arka tarapyna geçýär.
«The Mandalorian & Grogu»
Maý aýynyň 22-sine ekranlara çykjak «Ýyldyz söweşleri» älemine degişli «Mandalores we Grogu» serialyndan esaslanylyp taýýarlanan adybir filme Jon Fawro režissýorlyk edip, Pedro Paskal, Jeremi Allen-Waýt, Sigorni Wiwer ýaly belli artistler esasy keşpleri janlandyrýar.
«Disclosure Day»
Häzirki zaman kino sungatynyň ägirt režissýorlaryndan Stiwen Spilbergiň has ökde ugry bolan ylmy-fantastik görnüşdäki täze kinosy «Disclosure Day» diýlip atlandyrylýar. Režissýor 12-nji iýunda kinoteatrlara ýaýradyljak filmi üçin esasy keşpleri Emili Blant, Joş O’Konnor, Kolin Fört, Kolman Domingo, Iý Hewson daga ynandy.
«The Odyssey»
Belki-de, ýylyň iň köp garaşylýan 1-nji ýa-da 2-nji kinosy hasaplanýan «Odisseý» filmi 17-nji iýulda ekranlara çykar. Gomeriň meşhur eseri esasynda ekranlaşdyrylýan filme Kristofer Nolan režissýorlyk edýär. «Universal» studiýasynyň önümi bolan filmde Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteweý, Robert Pattinson, Lupita Nýong’o, Zendeýa, Şarliz Teron ýaly «Hollywood»-yň tanymal ýyldyzlary esasy keşplerde surata düşýär. Petekleriniň belli bir bölegi kinonyň ekranlara çykjak gününden 1 ýyl öň satuwa çykarylan film tutuşlygyna IMAX kameralary bilen surata düşürilen ilkinji iri taslama bolar.
«Supergirl»
Tomsuň jöwzaly günlerinde kino muşdaklaryna serginlik paýlajak filmleriň ýene biri-de «DC United» bilen «Warner Bros.»-uň bilelikdäki önümi bolan «Supergirl» kinosydyr. DC äleminiň özboluşly gahrymanynyň solo görnüşdäki ilkinji kinosyna Kreýg Žillespi režissýorlyk edýär. 26-njy iýunda ekranlara çykjak filmde baş keşbi Milli Alkok janlandyrýar. Şeýle-de oňa Mattias Şoenarts, Iw Ridli, Jeýson Mamoa, Emili Bikam ýaly artistler ýoldaşlyk edýär.
«Spider Man: Brand New Day»
Tomus paslynda ýene bir super gahryman filmi ekranlardaky ornuny alar. «Columbia Pictures» bilen «Marvel»-iň bilelikdäki önümi bolan «Möý adam: brend täze gün» filmi 31-nji iýulda prokatlara ýaýradylar. Destin Daniel Krettonyň režissýorlygyndaky filmde Tom Holland, Zendeýa, Jeýkob Batalon, Jon Berntal, Mark Ruffalo ýaly artistler surata düşýär.
«Sense and Sensibility»
Meşhur iňlis ýazyjysy Jeýn Osteniň dünýä belli romany esasyndaky adybir film 30 ýyldan soň täze görnüşde ekranlara çykýar. Ýaş zenan režissýor tarapyndan surata düşürilýän kinoda baş keşpleri Deýzi Edgar-Jons, Esme Krid-Maýlz, Kaitriona Balfe janlandyrýar. Film 11-nji sentýabrda ekranlara paýlanar.
«Avengers: Doomsday»
Soňky ýyllardaky kinolary bilen öz muşdaklaryny doly derejede kanagatlandyrmaýan «Marvel» studiýasynyň «Avengers: Doomsday» filmi ýylyň iň köp garaşylýan ekran eseri hasaplanýar. Doganlar Antoni we Jou Russolaryň režissýorlyk edýän filminde «Marvel»-iň hyýaly gahrymanlarynyň tas ählisi diýen ýaly bir ýere jemlenýär. Kris Ewans, Kris Hemswort, Wanessa Körbi, Antoni Mäki, Sebastian Stan, Pol Rudd, Florens Pýu, Pedro Paskal, Tom Hiddlstoun, Robert Dawni Junior dagy kinodaky esasy artistler bolup, film 18-nji dekabrda ekranlara çykar. Filmiň «Marvel» kinematografik äleminiň abraýyny täzeden aýaga galdyrmagyna garaşylýar.
«Dune: Part Three»
Başda-da belleýşimiz ýaly, «Avengers: Doomsday» filmi bilen bir günde ekranlara çykjak «Dýuna» filminiň 3-nji kinosyna hem Deni Willnýow režissýorlyk edýär. «Warner Bros.» studiýasynyň önümçiligindäki filmde-de meşhur ýyldyzlar Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Jeýson Mamoa, Joş Brolin, Rebekka Ferguson, Anýa Taýlor-Joý, Robert Pattinson dagy surata düşer.
PDF








