Şu gün hem-de ertir gije UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklary geçiriler. Şu gijeki oýunlaryň 3-si Angliýada (2-si Londonda) oýnalar. 3 duşuşykda ýer eýelerine ýaryşy dowam etdirmek üçin ilki bilen 3 gol aratapawudy bilen ýeňiş gerekli.

Agşamyň oýunlary “Sporting” – “Bude-Glimt” duşuşygy bilen başlanar.  1-nji oýunda norweg topary 3-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

1-nji oýunda 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan başga bir klub hem “Real Madrid” bolup, ispan topary şu gije “Mançester Sitiniň” myhmany bolar. Duşuşyga fransiýaly Klemen Turpen eminlik eder.

Şeýle-de, Pariždäki oýnuň soňky minutlarynda 2 gol geçirdip, aratapawudyň 3 pökgä çykmagynyň öňüni alyp bilmedik “Çelsi” öz meýdançasynda PSŽ-niň derwezesinden jogapsyz 3 gol salyp bilermikä?

Myhmançylykda soňky minutlarda ýeňlişden halas bolan “Arsenalyň” öz meýdançasynda “Baýeri” geçmegine garaşylýar.

Ertirki duşuşyklarda-da “Barselona” 1-1 deňme-deň gutaran 1-nji oýnuň rewanşynda “Nýukasly” kabul eder.

4 derwezeçisi-de şikesli bolan “”Bawariýa” 1-nji oýunda 6-1 hasabynda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, öz meýdançasynda “Atalantanyň” garşysyna derwezäni kime ynanmagyň aladasyny edýär.

Çarşenbe agşamynyň iň esasy oýny Angliýada oýnalar. Bu duşuşykda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Galatasaraý” bilen duşuşar. 1-nji oýunda stambullylar 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Şeýle-de, 1-nji oýunda ýeňijisi kesgitlenen diýsek hem boljak duşuşykda “Tottenham” Londonda “Atletiko Madridi” 3 gol aratapawudy bilen ýeňmek üçin göreşer.

 

Şu gije (sişenbe)

22:45  I  Sporting – Bude-Glimt (0-3)

01:00  I  Arsenal – Baýer (1-1)

01:00  I  Çelsi – Pari Sen-Žermen (2-5)

01:00  I  Mançester Siti – Real Madrid (0-3)

 

Ertir gije (çarşenbe)

22:45  I  Barselona – Nýukasl (1-1)

01:00  I  Tottenham – Atletiko Madrid (2-5)

01:00  I  Bawariýa – Atalanta (6-1)

01:00  I  Liwerpul – Galatasaraý (0-1)