Ýur­du­myz­da her ýy­lyň 18-nji few­ra­lyn­da dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni bel­le­nip ge­çil­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň ny­şa­ny­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Bi­ta­rap­lyk de­re­jä­miz­den göz­baş alyp, ýur­du­myz bi­ta­rap­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­mek esa­syn­da, 150-den gow­rak döw­let bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýar we 50-ä go­laý iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na ag­za bo­lup dur­ýar. Bi­ziň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­myz bu gün Azi­ýa­nyň, Ýew­ro­pa­nyň, Ame­ri­ka­nyň we beý­le­ki iri se­bit­le­riň on­lar­ça ýur­dun­da iş­le­mek bi­len, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek we mil­li bäh­bit­le­ri­mi­zi üp­jün et­mek üçin öz we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.
Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ry­nyň we we­kil­ha­na­la­ry­nyň işi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Dip­lo­mat – mu­nuň özi döw­le­tiň da­şa­ry iş­ler eda­ra­sy­nyň, şol san­da onuň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň öz Wa­ta­ny­nyň bäh­bit­le­ri­ne go­wy dü­şün­ýän we ola­ra uly mer­te­be, çuň­ňur bi­lim­li­lik we iç­ki ynam­ly­lyk bi­len üp­jün et­mä­ge ukyp­ly res­mi we­zi­pe­li ada­my­dyr, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we­ki­li­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi 3 de­par­ta­ment­den, 19 bö­lüm­den, şeý­le hem we­la­ýat­lar­da­ky bäş sa­ny we­kil­ha­na­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri­niň 151-si bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Da­şa­ry ýurt­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň
41-si he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da 30 sa­ny il­çi­ha­na, 4 sa­ny kon­sul­lyk, da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň
2 sa­ny dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­sy we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 14 sa­ny we­kil­ha­na­sy akk­re­di­tir­le­nen.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň we şert­na­ma­la­ryň 177-si­ne gat­na­şy­jy bo­lup dur­ýar we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Ýur­du­myz 50 sa­ny hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bo­lup, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şul­maz­lyk He­re­ke­ti we beý­le­ki­ler bar.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mek Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu hyz­mat­daş­lyk adam­za­dyň ösü­şi­ni we öňe­gi­diş­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni we mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, adam­la­ryň dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de açyl­ma­gy­na, ola­ryň esa­sy hu­kuk­la­ry­nyň we er­kin­lik­le­ri­niň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017-2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sat işin­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da ýü­ze çyk­ýan dart­gyn­ly ýag­daý­la­ryň çö­zül­me­gin­de di­ňe sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Bu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň we oňa esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň bin­ýa­dy­nyň mi­ze­mez­di­gi­ni, onuň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak üçin ze­rur bo­lan şert­le­ri gol­da­mak­da tä­sir­li or­nu­nyň we äh­mi­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk hem art­jak­dy­gy­ny uly ynam we buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Hormatly Prezidentimiziň öň­de goý­ýan be­lent we­zi­pe­le­ri dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň bu jo­gap­kär­li iş­le­rin­de esa­sy borç hem ynam bo­lup dur­ýar.
Häzirki wagtda Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni uly ru­hu­be­lent­lik hem-de döw­re mah­sus öwüş­gin­de bel­le­nil­ýär. Şu pur­sat­da ýur­du­my­zyň äh­li dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­ni hü­när baý­ram­çy­lyk­la­ry bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. Gahryman Arkadagymyzyň,
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, be­lent baş­la­ry­nyň aman bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Sel­bi Hal­ly­ýe­wa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ma­li­ýe bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.