Her ýylyň 19-njy ýanwarynda Milli patrak güni bellenilip geçilýär. Patrak taýýarlamak amerikalylaryň milli däp-dessurlarynyň bir bölegi bolup, baýramçylyklarda, dabaralarda we filmlere tomaşa edilende uly höwes bilen iýilýär. Adamzat taryhynda irki döwürlerden bäri mekgejöwen dänesi oda gömlen, gaýnadylan we gowrulan görnüşinde taýýarlanypdyr.
Ata Watany Meksika hasaplanýan mekgejöweniň dünýäde 200 töweregi görnüşi bar. Mekgejöwen sarp edilişi boýunça bugdaýdan we şalydan soň üçünji orunda durýar. Hasyly bilen atdaş bu ösümligiň halk arasyndaky ýörgünli ady «mekge» bolup, gaýnadylyp ýa-da gowrulyp iýmekden başga-da, nahara, süýjüliklere we işdäaçarlara hem goşulýar. Mekgäni köze gömüp iýmek däbi amerikan medeniýetiniň irki döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Däneler pop-pop edip ses çykaryp, akja ýyldyzlar közüň arasyndan atylypdyr. Muny Amerika göçüp gelen taýpalar «popkorn» diýip atlandyrypdyrlar. «Popkorn» sözi biziň dilimize «patrak» diýip geçipdir. XVI asyrda patrak Ýewropa we Gündogar ýurtlaryna ýaýrap başlaýar. Şol döwürde adamlar milli däp-dessurlaryň bellenýän günlerinde süýtli mekgäni çişe düzüp, közde bişirip iýýän ekenler. Mekgejöwen dänesiniň ähli görnüşinden patrak taýýarlap bolmaýar. Patrak mekgejöweniň ownuk däneli pop sortundan taýýarlanypdyr. Mekgäniň bu görnüşiniň düzüminde köp mukdarda suw saklanýar.
Patrak nähili taýýarlanýar?
Patrak taýýarlamak üçin aýratyn şert hökman däl. Öňler patrak taýýarlamak üçin gazanda gyzdyrylan duz ýa-da çägäniň ulanylandygyna garamazdan, muny aşhana şertinde ýagda hem aňsatlyk bilen taýýarlap bolýar. Munuň üçin agzy aýna gapakly ýalpak saja biraz ýag aýlamaly. Ýag gowy gyzandan soň bir gysym mekge dänesini salyp, gapagyny ýapmaly. Az salymdan soň sajyň içi patrakdan dolar. Soňra sajy pejiň üstünden aýryp, patragy gaba salmaly. Ýene-de sajy gyzdyryp, şol tertipde patrak taýýarlabermeli. Eger-de duzly patrak halaýan bolsaňyz, duzuň üstüne azajyk suw guýup, şerebe taýýarlamaly. Soňra şerebäni gowurmak isleýän dänämiziň üstüne guýup, mazaly bulamaly. Duzly suw dänelere siňip, çygy çekilenden soň, patrak bişirmäge başlabermeli.
Däneleriň ýarylyp patraga öwrülmegi 200 dereje gyzgynlykda bolup geçýär. Däneler gowrulanda suw bugarýar we içindäki krahmal ýelmeşýär. Ýokary gyzgynlyk sebäpli, dänäniň gabygy ýarylýar we krahmal ak reňke öwrülip, patrak emele gelýär. Dänäniň patraga öwrülmegi täsin tebigy hadysalaryň biridir. Patrak B we E witaminlere baý iýmit bolup, adam bedenini zerur bolan antioksidantlar bilen üpjün edýär. Patrak dünýäde güýmenje hökmünde iň köp iýilýän iýmitleriň biri hasaplanýar.