Beýik Britaniýanyň hökümeti çilimkeşlige garşy göreşiň täze döwrüne gadam goýmagy maksat edinýär. Ýurduň parlamenti 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlara çilim satmagy gadagan edýän kanun taslamasyny doly makullady. Bu çäre Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak tarapyndan öňe sürüldi. Temmäki we elektron çilim baradaky kanuny taslama parlament agzalarynyň 383-si tarapyndan goldaw alyp, 67-si garşy ses berdi.
Ýurduň saglygy goraýyş we jemgyýetçilik işleri ministri Wiktoriýa Atkins parlamentdäki kärdeşleriniň öňünde eden çykyşynda “Çilim saglyk üçin diýseň zyýanly, şoňa görä, biz geljekki nesli goramak üçin görlüp-eşidilmedik ädim ädýäris” diýip belledi we kanun taslamasyny höwes bilen makullaýandygyny aýtdy.
Kanun taslamasyna laýyklykda, şu ýyl 15 ýaşy dolýan ýetginjekler we ondan kiçi çagalar kanun esasynda temmäki satyn alyp bilmezler. Mundan başga-da, bu kanun taslamasy söwda standartlary boýunça işgärlere kämillik ýaşyna ýetmediklere temmäki we elektron çilim satýan dükanlara jerime salmak üçin täze ygtyýarlyklar berýär. Şeýlelikde, Beýik Britaniýa ilkinjileriň hatarynda çilimden halas bolan nesli kemala getirmegi maksat edinýär. Hökümet agzalary täze kanunyň ýylyň ahyryna çenli tassyklanmagyna we 2025-nji ýylyň aprelinde güýje girmegine bil baglaýar.