Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Toyota”-nyň “Prius” modeliniň geljek ýyla degişli nusgasy tanyşdyryldy. Dizaýn babatda “Coupe” ulagyna meňzeş bolan ulagyň Ýewropada zarýad berilýän gibrid görnüşi satylar. Bäşinji nesle degişli bolan “Prius” ikinci nesline degişli bolan TNGA platformasynda döredilipdir. Bu platformanyň agramy azaldýandygy, emma berkligi artdyrýandygy mälim edildi. Ulagyň beýikligi häzirki modelden 50 mm peseldilipdir. Şeýle hem uzynlygy 46 mm azaldylandygyna garamazdan, yzky we öňki tigirleriň arasyndaky aralyk 50 mm artdyrylypdyr. Giňligi bolsa, 22 mm giňeldilipdir.
Aerodinamika babatda gowulandyrylan ulagyň içki dizaýnynda öň tarapda 7 dýuýmlyk ekran goýlupdyr. Bu ekran awtoulaga degişli maglumatlary görkezip sürüjiniň görmegi üçin amatly beýiklikde oturdylypdyr. Ortada bolsa, giň multimediýa ekran goýlupdyr.
Ulagda kuwwaty 148 at güýjüne barabar bolan göwrümi 2 litr bolan benzinli motor hem-de kuwwaty 160 at güýjüne barabar elektrik energiýaly motor bar. Şeýlelikde ulagyň umumy kuwwaty 220 at güýjüne barabar bolýar. iňe elektrik energiýasy bilen işleýän motoryň bir gezekki zarýady bilen 90 kilometr ýol geçip bolýar.
Ýapon brendi her ýylda 10 million töweregi ulag öndürýär.
Şamyrat Jumadurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









