Şu ýyl “Apple” üçin möhüm ýyl bolar, sebäbi kompaniýa 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze önümi işe girizmegi wada berýär. Şonuň bilen birlikde kompaniýa birnäçe gurluşy hödürlär. Bular barada “MacRumors” neşiri habar berýär. Bellenilişine görä, şu ýyl “Apple” kompaniýasy “AirPods 4”-iň iki nusgasyny hödürlär. Olaryň ikisi hem dizaýny täzelener, ýöne diňe gymmat model işjeň galmagal basyş ulgamy bilen üpjün ediler. Geljek ýyl tehnologiýa ägirdi “iPad” enjamlaryny hödürlär. Olaryň arasynda ilkinji OLED ekranly “iPad Pro”-nyň bolmagyna garaşylýar. OLED ekranlar diňe enjamyň hödürleýän şekiliniň durulygyny ýokarlandyrman, eýsem, “iPad”-iň has ýuka bolmagyna hem mümkinçilik berer. Şonuň üçin enjamyň dizaýnynda hem üýtgeşmelere garaşylýar. 2024-nji ýyl “Apple Watch”-laryň hem täze nusgalary müşderilere ýetiriler. Goşar sagadynyň esasy aýratynlygy adam bedenindäki gan basyşyny ölçemek mümkinçiligi bolar. “iPhone 16”-nyň hem täze nusgalaryna köp adam garaşýar. Gurluş düýpli üýtgeşmelere sezewar bolmasa-da, žurnalistler täzeden işlenen kamera, Pro wersiýalarda has uly ekrana, şeýle-de täze prosessorlara garaşýarlar.
2024-nji ýylyň iň garaşylýan önümi “Apple Vision Pro” tuwalgasy bolar. Hyýaly hakykat tehnologiýasy bilen üpjün edilen “Vision Pro” üç ölçegli wideolara tomaşa etmäge we oýunlary oýnamaga mümkinçilik berýär.

Agajan JOMARDOW, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň mugallymy.